Bilimli ýaşlar — buýsanjymyzdyr

3 Iýun 2021
1044

Gahryman Arkadagymyz ägirt uly mümkinçiligi bolan, gujur-gaýrat, maksada okgunlylyk bilen tapawutlanýan, ýurduň ygtybarly daýanjy we guwanjy bolan ýaşlara uly üns berýär. Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaşlara döredijilik hyjuwlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyk gelýär. Ýaşlara ruhy-ahlak hem-de hukuk terbiýesini bermek her bir ene-atanyň, mugallymyň esasy wezipeleriniň biridir.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň rowaçlanmagynyň, halkyň mundan beýläk-de abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň köp derejede ýaşlaryň akyl-paýhasyna, ukybyna, döredijilikli zähmetine we ylhamyna baglydygyny göz öňüne tutmak bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öňünde durýan anyk wezipeleri, olaryň işleriniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini giňeltmegiň, olaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermegiň, olary ylma-bilime höweslendirmegiň, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladanyň ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň özeni bolup durmagynyň möhümdigini nygtaýar. Şoňa laýyklykda, ýaşlaryň her bir tutan işiniň ahyryna çenli alnyp barylmalydygyny, sowatly we başarjaň hereket etmelidigini, işde, okuwda, döredijilikde dünýäniň ösen tejribesine daýanmalydygyny Gahryman Arkadagymyz parasatly belleýär.

Ogulsapdy ARAŞEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.