Üstünlikler hemraň bolsun!

7 Iýun 2021
1078

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilime bolan yhlaslylygy, erjelligi we zehini bilen tapawutlanýan okuwçylaryň sany ýylsaýyn artýar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşigi okuwçylaryň bilime bolan höwesini artdyrýar. Şeýle höwesek okuwçylaryň biri hem Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Şasenem Meýlisowadyr.

Ol taryh dersini içgin öwrenip, eýýäm 7-nji synpdan bäri bu ders boýunça geçirilýän bäsleşiklerde birnäçe gezek 1-2-nji orunlara mynasyp boldy. Şaseneme bu ugurda geçirilýän ders bäsleşiginde mekdebiň taryh mugallymy Serdar Agajumaýew ýakyndan ýardam edýär. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Ş. Meýlisowa taryh dersi boýunça şu bäsleşigiň şäher tapgyrynda 1-nji, welaýat tapgyrynda 3-nji, döwlet derejesinde bolsa 2-nji orunlary eýelemegi başardy.