"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni

KÄMILLIK – BILIME GANAT Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ýakynlap gelmegi mynasybetli, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary uzak aralykdan onlaýn arkaly gatnaşdylar.

Toplanan tejribeleriň aýdyň mysaly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda bilim ulgamyna uly ähmiýet berilýär. Bu ulgam boýunça önjeýli işler alnyp barylýar. Ýaş nesliň bilim derejesini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýle-de, ýurdumyzda her ýylyň awgust aýynda öňdebaryjy mugallymlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirilýär. Onda toplanan tejribeler we gazanylan üstünlikler aýdyň görkezilýär. Üstümizdäki ýylda-da, has takygy, ýaňy-ýakynda welaýatymyzyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda uly maslahat geçirildi.

Täze okuw ýylyňyz mübärek bolsun!

Arkadag Prezidentimiz ruhy we beden taýdan sagdyn, bilimli-ylymly, edep-terbiýeli, täze tehnologiýalardan baş alyp çykýan neslimiziň kemala gelmegi üçin tagalla baryny edýär. Çagalaryň sowatly bolmagy üçin multimediýa tagtalary, kompýuterler bilen üpjünçilik ýylsaýyn gowulaşýar. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine, halkymyzyň gadymy ruhy gymmatlyklaryna, baý taryhy we medeni mirasyna esaslanýan bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyzyň hemişe we yzygiderli üns berýändiginiň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyzyň çäksiz aladalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy, göwün söýen käriniň-hünäriniň eýesi, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsançlydyr. Ylym-bilim uly ösüşleriň esasy çeşmesi hem-de badalgasydyr. Ol ýurduň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürýär. Hut, şu jähetden her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününe uly ähmiýet berilmegi ýöne ýerden däldir. Garaşsyz ýurdumyzda barha kämilleşdirilýän ylym-bilim ulgamy ýaş nesliň ykbalyna-durmuşyna nurly şuglasyny saçýar. Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýän altyn güýzüň ilkinji aýynyň ilkinji günleri ýaş nesillerde ýakymly ýatlamalar goýýan şatlykly pursatlara beslenýär. Bilim ojaklarynda ýokary yhlas, erjellik, teşnelik bilen kämil bilim almaga, edep-terbiýe, görelde almaga höwesek okuwçylar Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmagy

Bilim belentlikleriniň möhüm ugurlary

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň direktorlary we birnäçe bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanylan, döwletimizde durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, hakynda durup geçdiler. Bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygara eýermek bilen, ýurdumyzda özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýtdylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhün ugry hökmünde bilimiň hiliniň we mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün edilmegi, okuw-terbiýeçilik işindäki öňdebaryjy tejribeler nazara alnyp, ýaş nesliň b

Dilleri öwretmegiň ähmiýeti

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Esasan hem olaryň kämil bilim almaklaryna döwrebap şertler bar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň orta mekdepleri döwrebap enjamlar, kompýuterler bilen üpjün edildi. Bu bolsa mugallymlary döwrebap bilim bermäge, sapaklaryny iň täze usullarda guramaga borçlandyrýar. Döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlarymyzy kämil bilimli edip ýetişdirmegi mukaddes borç hasaplaýarys. Şonuň üçin sapaklarymyzy döwrüň talaplaryna laýyk guraýarys.

Kalplary hyjuwly ýaş nesil

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň bimöçber söýgi, üns-alada bilen gurşalmagynyň netijesinde eziz Diýarymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ýaş nesilleriň nurana geljegini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleri dünýä nusgalyk diýip, häsiýetlendirmek bolar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki ýokary derejeli şertleri özünde jemleýän çagalar sungat mekdepleri hem Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil barada edýän atalyk aladalarynyň ajaýyp miwesidir. Biziň çagalar sungat mekdebimizde hem ýaş zehinlere sungatyň inçe syrlary tejribeli mugallymlar tarapyndan ussatlyk bilen öwredilýär. Ýaşajyk sungaty söýüjiler döwrüň talaplaryna görä geçilýän her bir dersi uly höwes bilen özleşdirýärler. Mekdebiň okuwçylary bagtyýarlyk döwrümizde ýetilýän belent sepgitleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy, parahatçylygy, milli gymmatlyklarymyzy, ajaýyp oba-şäherlerimizi wasp edýän şirin aýdym-sazlary, tanslary höwes bilen öwrenýärler hem-de ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, şanly wakalar mynasybetli guralýan dabaralarda çykyş edýärler, bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Zehin zehinden zyýada

Ata Watanymyzy ylmy ösüşleriň mesgenine öwürmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen täze okuw toplumlaryny açyp bermegi ýaşlaryň göwnüni galkyndyrýar, olary belent sepgitlere ruhlandyrýar. Ynha, şu sahypada gürrüň berjek ýaşlarymyz hem elmydama zehinlerini «ýiteldip», diňe bir ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ýaryşlarda däl-de, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän abraýly bäsleşiklerde hem ýeňiş gazanýarlar. Şu ýylyň 29-njy iýuny bilen 5-nji iýuly aralygynda Moldowa Respublikasynyň gurnamagynda Halkara Balkan matematika bäsleşigi (JBMO — 2021) geçirildi. Oňa 21 döwletden 128 okuwçy, şol sanda ylym-bilimiň ojagy bolan güneşli Diýarymyzda okaýan mekdep okuwçylarynyň hem 6-sy gatnaşdy. 25-nji sapar geçirilýän bu bäsleşikde ýaş türkmen matematikleri berlen mesleleleriň dogry çözgüdini tapmak arkaly erjellik görkezdiler. Albaniýa, Gresiýa, Kipr, Azerbaýjan, Bosniýa we Gersogowiniýa, Indoneziýa, Täjigistan, Gazagystan, Filippin, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Makedoniýa we Türkiýe ýaly döwletlerden gelen ökde deň-duşlarynyň arasynda saýlanan ýaşlarymyz baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Talyp bolmak bagty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşamak, bilim almak we döretmek bagtdyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, ylymlar dünýäsine gadam basan kalby buýsançly ýaşlar munuň şeýledigine has aýdyň göz ýetirýärler. Bilimler we talyp ýaşlar gününde olar talyplyk ýyllarynyň ilkinji sahypasyny açarlar. Biz hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Maksat AKMÄMMEDOW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby:

Mugallymlar maşgalasy

Bir öýde iki-üç mugallymyň bolmagy juda bir täsinligem däl. Ýöne Farapda şeýle bir maşgala bar, bu öýde hemmeler mugallym. Ata-ene, iki ogul we bir gelin. Faraply okyjylarymyz eýýäm haýsy maşgala barada gürrüň gidýändigini eýýäm bilen bolsalar gerek. Hawa, biz halypa mugallym Gurbanguly Seýidowyň maşgalasy barada gürrüň etmekçi. Kerkidäki ozalky mugallymçylyk mekdebiniň uçurymy Gurbanguly aga indi 32 ýyldan bäri bu mukaddes käriň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýör. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan uçurym bolan Joragül mugallymyň hem iş tejribesi şonçarak bar. Çagalykdan göreni-bileni mekdebiň, okuwçylaryň gürrüňi bolandygyndandyr-da, olaryň ogullary Babanazardyr Guwandyk hem başga käri saýlajak bolmadylar. Şeýlelikde Babanazar rus dili we edebiýaty, Guwandyk bolsa himiýa, biologiýa mugallymy bolup ýetişdi. Babanazaryň ýanýoldaşy Leýli gelin mekdepde çagalara rus dili we edebiýaty boýunça sapak berýär. Ýöne, entegem bu hemmesi däl. Gurbanguly agadyr Joragül mugallymyň kiçi ogly Guwandygyň aljak gelinligi hem mugallym.

Röwşen geljegiň hatyrasyna

«Durmuşymyzy gözelleşdirip, ynsan ömrüni uzaldýan zat näme?» diýilse, özüm-ä: «Çaga bagty» diýip, jogap bererdim. Çünki «Çaganyň bagty — enäniň bagty» diýilýär. Halkymyza erkinligi, özygtyýarlylygy bagyş eden mukaddes Garaşsyzlygymyz bize asuda, parahat durmuşda çagalarymyzyň bagtly günlerine guwanyp ýaşamak eşretini berdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny garşylaýan şatlykly günlerimizde bu bagtyň eýesidigimize buýsanjymyz goşalanýar. Çagalar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her bir maşgalanyň we raýatyň, esasan-da, Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Körpe nesliň sazlaşykly ösmegi, çuňňur bilim we terbiýe almagy, çeper döredijilik, sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler we amatlyklar döredilýär.

Bilim-terbiýe bermegiň nusgalyk ýoly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar baglary terbiýe we bilim bermegiň möhüm basgançaklarynyň biridir. Bu ýerde çagalar mekdebe taýýarlanylýar, olar bilimler dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler. Dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup, döwrebap enjamlar, tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan we körpeleriň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri, döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli amatlyklary bolan täze çagalar baglarynyň sany ýylsaýyn artýar. Berilýän bilim, öwredilýän maglumatlar esasynda, ýaş aýratynlygyna görä, çagalaryň başarnykdyr endikleri hem kemala gelýär.

Täze okuw ýyly bosagada

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar. Şeýle-de ýaş nesli okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda çagalaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bilim ojaklarynda okap, bilim, terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden ugur alyp, häzirki wagtda ähli bilim ojaklary täze okuw ýylyna taýýarlykly geldi. Biziň etrabymyzdaky orta mekdepler hem täze okuw ýylyna doly taýýarlandy. Bu bolsa ýene-de sanlyja günden ak mekdepleriň gapysyndan gadam basjak okuwçylaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagyna, ýokary hilli bilim almagyna, şeýle-de mugallymlaryň täze okuw ýylynyň dowamynda netijeli işler alyp barmagyna uly ýardam berer. Täze okuw ýylynda orta mekdeplerimizde ýaş hünärmenler hem zähmet çekmäge başlarlar. Olara şol mekdepleriň ussat, halypa mugallymlary öz goldawlaryny bererler.

Kämilligiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Ýylyň-ýylyna döwrebap täze bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berilýär. Döwrüň talabyna laýyklykda, häzirki wagtda bilim bermegiň ähli basgançaklary elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Bilim edaralaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen biziň orta mekdebimizde-de sowatly ýaşlary kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilendir. Interaktiw tagtalar sapagy döwrebap guramaga, okuwçylaryň sapaga bolan höwesini artdyrmaga ýardam berýär. Okuwçylaryň bilimini artdyrmakda, daşary ýurt dillerini öwretmekde mugallymlar okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanýarlar. Mugallymlar okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ylymly, bilimli, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda öz zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Berilýän bilimiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, mekdebimizde hepdelikler, sapakdan daşary çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýaşlaryň kompýuter sowatlylygy kämilleşdirilýär.

Okuwçylarda matematika sapagyna gyzyklanma döretmek

Ýurdumyzda ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okadýan bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Biziň tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän mekdebimizde hem okuwçylaryň şol ugurlara bolan höwesini has-da artdyrmakda, kämilleşdirmekde okatmagyň netijeli iş usullaryndan ýerlikli peýdalanylýar. Mälim bolşy ýaly, matematika dersinde berilýän bilimiň durnukly we çuňňur bolmagy üçin okuwçylaryň ünsüni sapagyň tutuş dowamynda özüňe çekmeli bolýar. Okatmagyň şeýle usullarynyň biri hem okuwçylarda geçilýän tema bilen bagly gyzykly taryhy meseläni ýa-da gyzykly logiki meseläni çözmegi tabşyrmakdyr. Taryhy şahsyýetleriň goýan we çözen meseleleri olarda uly gyzyklanma döredýär. Şolardan käbirlerini işdeş ýoldaşlarym bilen paýlaşmagy makul bildim.

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Häzirki bagtyýar günlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ruhubelentlik bilen barýarys. Şu ajaýyp günlerde ýurdumyzyň ösüşine buýsanmak, hormatly Prezidentimiziň peşgeş eden bagtyýarlygyna guwanmak ýaly asylly maksatlara eýerýäris. Şonuň üçin hem mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarymyzda gazanylan üstünlikler hakynda, beýik ösüşler barada çuňňur ýürekden gürrüň edýäris. Mukaddes Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň baky bagtyýarlygydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyz syýasy we ykdysady taýdan uly ösüşleri gazandy, dünýäde belent derejelere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri, özgertmeleri netijesinde Türkmenistan dünýäde kuwwatly ösýän ýurda öwrüldi. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän zawodlar, fabrikler, önümçilik desgalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki binalar berkararlygyň aýdyň nusgalarydyr. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň çar künjeginde möhüm ähmiýetli gurluşyklaryň, ägirt uly desgalaryň düýbi tutuldy, täze iri senagat kärhanalary guruldy. Ýurdumyzyň Lebap, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binasy gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle hem welaýat merkezlerinde iň döwrebap, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygyny hem aýratyn bellemek bolar. Bu ýaşaýyş jaýlar ildeşlerimize toý sowgady boldy. Bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurlan ajaýyp öýlerde jaý toýlaryny tutdular. Munu

Modelirleme we grafika dersini okatmakda interaktiw tehnologiýalardan peýdalanmak

Umumybilim berýän orta mekdeplerde tehnologiýalary beýleki dersler bilen bir hatarda, modelirleme we grafika dersinde ulanmak zerurdyr. Şeýle tehnologiýalara ulanyjylyk tilsimleri ýönekeý bolan SketchUp, GeoGebra, GeoNext sanly ulgamlar degişli bolup, olaryň mümkinçilikleri örän giňdir. SketchUp–— bu adyndan belli bolşy ýaly, ilkinji nusga manyny berip, 3D-modelirleme arhitektura bilen baglanyşykly meselelerde giňden ulanylýar. Onuň işlenilip düzüliş modeliniň esasynda köptaraplylyk gurluşyň goýulmagy dürli taslama işlerinde, ýagny bezeg — mahabatlandyrma — inženerçilik taslama — kino önümçiliklerinde peýdalanmak mümkinçiligi bar. Şeýle mümkinçiligiň has giňelmegi we köpçülige ýaýramagy onuň Google-3D Internet taslama birikmesi bilen baglanyşyklydyr. Bu taslama bilen ylalaşykly işleri alyp barmak maksady bilen, SketchUP-da ýöriteleşdirilen gurallar we opsiýalar gurnalyp, olar Learn we Template bölümleriň girizilmegine mümkinçilikler döretdi. Taslamanyň şeýle toplumlaryny gurnamak bilen, sazlanmaly meseleleri çözmekde zerur bolan çözgütleri kabul etmek üçin amatly çemeleşmeleri saýlamaga mümkinçilik döreýär.

Bilim — ösüşleriň özeni

Adamlaryň ruhy taýdan kämillige, döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlere tarap ädýän ilkinji ädimi bilimden başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda milli bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklandy. Bu resminamalar, şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy döwrebap bilimli nesliň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli çagalary terbiýelemäge uly üns berilýär. Körpeleriň wagtlarynyň şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin ähli amatlyklary bolan çagalar baglary gurulýar, olarda kompýuter we lingafon otaglary bar. Diýarymyzda mekdepleriň sany hem yzygiderli artýar. Häzirki wagtda mekdepler ylmyň iň täze gazananlary hem-de öňdebaryjy, şol sanda interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Şol elektron «kömekçileri» ulanmak arkaly interaktiw-multimediýa görnüşinde sapaklary geçirmek netijesinde, bilimiň hili hem ýokarlanýar. Ýurdumyzda rus, iňlis, fransuz, ýapon, koreý, hytaý dillerini, matematika, fizika, biologiýa, himiýa ýaly tebigy we takyk bilimleri çuňlaşdyryp öwred

Ýurt ösüşindäki belent sepgitler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we onuň hilini düýpli ýokarlandyrmak babatda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli Liderimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak, milletiň intellektual mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan uly möçberli wezipeleri nazara alyp, bilim ulgamynda döwrebap özgertmelere badalga berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady we medeni taýdan ýokary göterilmegine, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hünärli işgärler bilen üpjün bolmagyna, ösüp barýan ýaş nesliň bilime bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu Kanun bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny, döwlet syýasatynyň ýörelgelerini şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär. Döwlet Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň bi

Kämil bilim — berk binýat

Ýurdumyzyň röwşen geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän nesliň sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda bilim ulgamyna möhüm orun gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş derejesiniň ösüşi, dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy bilen, bilim ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna sazlaşykly goşulyşmak, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek şertlerinde ähli ýokary we orta bilim ojaklarynda geljekki hünärmenlere daşary ýurt dilleri öwredilýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi daşary ýurt dillerini gowy bilýän kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna zerurlyk döredýär. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek dünýä medeniýetine, kämil ylym-bilim älemine aralaşmagyň açarydyr. Ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri esasy şertleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ýaşlaryň öz ene dilinden başga iki-üç daşary ýurt dilini öwrenmelidiklerini nygtaýar. Soňky döwürde ýurdumyzyň rus, iňlis, fransuz, nemes, ýapon, hytaý dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň geçirilýän d

Irki ösüş — terbiýäniň möhüm ugry

Her bir türkmen maşgalasynda köp çagalylyk bagtlylyk saýylyp, «Altyn başly ak öýüň gelşigi sallançak», «Çagam eziz, edebi ondan-da eziz» ýaly nakyllarda, hüwdülerde halkyň çaga bolan söýgüsi özüniň giňişleýin beýanyny tapýar. Milletiň geljegi bolan ýaş nesle kämil terbiýe bermek milli bilim ulgamynyň işiniň bir bölegi bolup durýar. Terbiýeçilik işi bilen bagly wezipeler, ilki bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Çagalar bagy sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan mukaddes ojagydyr. Psihiologlar adamyň intellektual ösüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, edep-ekramynyň ilkinji binýadynyň onuň mekdebe çenli bolan ýaşynda emele gelýändigini aýdýarlar. Şonuň üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynda işlejek bilim işgärleriniň taýýarlygyna bilim zynjyrynda möhüm orun degişlidir. Bu edaralarda işleýän saglygy goraýyş we mugallymçylyk işgärleri tarapyndan çaganyň beden, akyl we durmuş taýdan ösüşine yzygiderli gözegçilik etmäge, beden taýdan kadaly ösmekleri üçin olaryň bedenterbiýe sapaklaryna höwesli gatnaşmaklaryny gazanmaga we olary sporta höweslendirmäge uly üns degişlidir. Çagalarda döredijilige höwesi oýarmak üçin olara köpräk erteki okap bermek, multfilmleri görkezmek peýdalydyr. Bu döwürde daşary ýurt dillerini öwretmek örän netijelidir. Çaganyň mekdebe taýýarlygyna fiziki, psihiki we käbir deslapky bilimlere eýe bolmagy (mysal üçin sanap bilmegi, okap, ýazyp, s