Zehin zehinden zyýada

25 Awgust 2021
1004

Ata Watanymyzy ylmy ösüşleriň mesgenine öwürmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen täze okuw toplumlaryny açyp bermegi ýaşlaryň göwnüni galkyndyrýar, olary belent sepgitlere ruhlandyrýar. Ynha, şu sahypada gürrüň berjek ýaşlarymyz hem elmydama zehinlerini «ýiteldip», diňe bir ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ýaryşlarda däl-de, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän abraýly bäsleşiklerde hem ýeňiş gazanýarlar.

Şu ýylyň 29-njy iýuny bilen 5-nji iýuly aralygynda Moldowa Respublikasynyň gurnamagynda Halkara Balkan matematika bäsleşigi (JBMO — 2021) geçirildi. Oňa 21 döwletden 128 okuwçy, şol sanda ylym-bilimiň ojagy bolan güneşli Diýarymyzda okaýan mekdep okuwçylarynyň hem 6-sy gatnaşdy. 25-nji sapar geçirilýän bu bäsleşikde ýaş türkmen matematikleri berlen mesleleleriň dogry çözgüdini tapmak arkaly erjellik görkezdiler. Albaniýa, Gresiýa, Kipr, Azerbaýjan, Bosniýa we Gersogowiniýa, Indoneziýa, Täjigistan, Gazagystan, Filippin, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Makedoniýa we Türkiýe ýaly döwletlerden gelen ökde deň-duşlarynyň arasynda saýlanan ýaşlarymyz baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

«Güneş».