Modelirleme we grafika dersini okatmakda interaktiw tehnologiýalardan peýdalanmak

24 Awgust 2021
1457

Umumybilim berýän orta mekdeplerde tehnologiýalary beýleki dersler bilen bir hatarda, modelirleme we grafika dersinde ulanmak zerurdyr. Şeýle tehnologiýalara ulanyjylyk tilsimleri ýönekeý bolan SketchUp, GeoGebra, GeoNext sanly ulgamlar degişli bolup, olaryň mümkinçilikleri örän giňdir.

SketchUp–— bu adyndan belli bolşy ýaly, ilkinji nusga manyny berip, 3D-modelirleme arhitektura bilen baglanyşykly meselelerde giňden ulanylýar. Onuň işlenilip düzüliş modeliniň esasynda köptaraplylyk gurluşyň goýulmagy dürli taslama işlerinde, ýagny bezeg — mahabatlandyrma — inženerçilik taslama — kino önümçiliklerinde peýdalanmak mümkinçiligi bar. Şeýle mümkinçiligiň has giňelmegi we köpçülige ýaýramagy onuň Google-3D Internet taslama birikmesi bilen baglanyşyklydyr. Bu taslama bilen ylalaşykly işleri alyp barmak maksady bilen, SketchUP-da ýöriteleşdirilen gurallar we opsiýalar gurnalyp, olar Learn we Template bölümleriň girizilmegine mümkinçilikler döretdi. Taslamanyň şeýle toplumlaryny gurnamak bilen, sazlanmaly meseleleri çözmekde zerur bolan çözgütleri kabul etmek üçin amatly çemeleşmeleri saýlamaga mümkinçilik döreýär.

Ogulşeker BABAGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň mugallymy.