Dilleri öwretmegiň ähmiýeti

26 Awgust 2021
1212

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Esasan hem olaryň kämil bilim almaklaryna döwrebap şertler bar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň orta mekdepleri döwrebap enjamlar, kompýuterler bilen üpjün edildi. Bu bolsa mugallymlary döwrebap bilim bermäge, sapaklaryny iň täze usullarda guramaga borçlandyrýar. Döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlarymyzy kämil bilimli edip ýetişdirmegi mukaddes borç hasaplaýarys. Şonuň üçin sapaklarymyzy döwrüň talaplaryna laýyk guraýarys.

Nurjemal TÖRÄÝEWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň mugallymy.