Kämilligiň binýady

24 Awgust 2021
1000

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Ýylyň-ýylyna döwrebap täze bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berilýär. Döwrüň talabyna laýyklykda, häzirki wagtda bilim bermegiň ähli basgançaklary elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Bilim edaralaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen biziň orta mekdebimizde-de sowatly ýaşlary kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilendir. Interaktiw tagtalar sapagy döwrebap guramaga, okuwçylaryň sapaga bolan höwesini artdyrmaga ýardam berýär. Okuwçylaryň bilimini artdyrmakda, daşary ýurt dillerini öwretmekde mugallymlar okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanýarlar. Mugallymlar okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ylymly, bilimli, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda öz zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Berilýän bilimiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, mekdebimizde hepdelikler, sapakdan daşary çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýaşlaryň kompýuter sowatlylygy kämilleşdirilýär.

Aýnabat AMANOWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň mugallymy.