Okuwçylarda matematika sapagyna gyzyklanma döretmek

24 Awgust 2021
1234

Ýurdumyzda ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okadýan bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Biziň tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän mekdebimizde hem okuwçylaryň şol ugurlara bolan höwesini has-da artdyrmakda, kämilleşdirmekde okatmagyň netijeli iş usullaryndan ýerlikli peýdalanylýar.

Mälim bolşy ýaly, matematika dersinde berilýän bilimiň durnukly we çuňňur bolmagy üçin okuwçylaryň ünsüni sapagyň tutuş dowamynda özüňe çekmeli bolýar. Okatmagyň şeýle usullarynyň biri hem okuwçylarda geçilýän tema bilen bagly gyzykly taryhy meseläni ýa-da gyzykly logiki meseläni çözmegi tabşyrmakdyr. Taryhy şahsyýetleriň goýan we çözen meseleleri olarda uly gyzyklanma döredýär. Şolardan käbirlerini işdeş ýoldaşlarym bilen paýlaşmagy makul bildim.

Aýmyrat MAMEDOW,
Tejen şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.