Ýurt ösüşindäki belent sepgitler

24 Awgust 2021
830

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we onuň hilini düýpli ýokarlandyrmak babatda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli Liderimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak, milletiň intellektual mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan uly möçberli wezipeleri nazara alyp, bilim ulgamynda döwrebap özgertmelere badalga berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady we medeni taýdan ýokary göterilmegine, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hünärli işgärler bilen üpjün bolmagyna, ösüp barýan ýaş nesliň bilime bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu Kanun bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny, döwlet syýasatynyň ýörelgelerini şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär. Döwlet Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň bilim edaralarynda umumy orta bilimiň hökmanylygyny we tölegsizligini kepillendirýär, şeýle hem hünär biliminiň elýeterliligini olaryň ukyplaryna baglylykda üpjün edýär diýlip kesgitlenilýär.

Aýjeren IMAMGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.