Täze okuw ýyly bosagada

24 Awgust 2021
1072

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar. Şeýle-de ýaş nesli okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda çagalaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bilim ojaklarynda okap, bilim, terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden ugur alyp, häzirki wagtda ähli bilim ojaklary täze okuw ýylyna taýýarlykly geldi.

Biziň etrabymyzdaky orta mekdepler hem täze okuw ýylyna doly taýýarlandy. Bu bolsa ýene-de sanlyja günden ak mekdepleriň gapysyndan gadam basjak okuwçylaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagyna, ýokary hilli bilim almagyna, şeýle-de mugallymlaryň täze okuw ýylynyň dowamynda netijeli işler alyp barmagyna uly ýardam berer. Täze okuw ýylynda orta mekdeplerimizde ýaş hünärmenler hem zähmet çekmäge başlarlar. Olara şol mekdepleriň ussat, halypa mugallymlary öz goldawlaryny bererler.

Hudaýberdi ALLANAZAROW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.