Bilim-terbiýe bermegiň nusgalyk ýoly

24 Awgust 2021
1069

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Çagalar baglary terbiýe we bilim bermegiň möhüm basgançaklarynyň biridir. Bu ýerde çagalar mekdebe taýýarlanylýar, olar bilimler dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler. Dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup, döwrebap enjamlar, tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan we körpeleriň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri, döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli amatlyklary bolan täze çagalar baglarynyň sany ýylsaýyn artýar. Berilýän bilim, öwredilýän maglumatlar esasynda, ýaş aýratynlygyna görä, çagalaryň başarnykdyr endikleri hem kemala gelýär.

Gunça BÄŞIMOWA,
Aşgabat şäherindäki 163-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.