Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

24 Awgust 2021
1028

Häzirki bagtyýar günlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ruhubelentlik bilen barýarys. Şu ajaýyp günlerde ýurdumyzyň ösüşine buýsanmak, hormatly Prezidentimiziň peşgeş eden bagtyýarlygyna guwanmak ýaly asylly maksatlara eýerýäris. Şonuň üçin hem mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarymyzda gazanylan üstünlikler hakynda, beýik ösüşler barada çuňňur ýürekden gürrüň edýäris.

Mukaddes Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň baky bagtyýarlygydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyz syýasy we ykdysady taýdan uly ösüşleri gazandy, dünýäde belent derejelere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri, özgertmeleri netijesinde Türkmenistan dünýäde kuwwatly ösýän ýurda öwrüldi. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän zawodlar, fabrikler, önümçilik desgalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki binalar berkararlygyň aýdyň nusgalarydyr. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň çar künjeginde möhüm ähmiýetli gurluşyklaryň, ägirt uly desgalaryň düýbi tutuldy, täze iri senagat kärhanalary guruldy. Ýurdumyzyň Lebap, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binasy gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle hem welaýat merkezlerinde iň döwrebap, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygyny hem aýratyn bellemek bolar. Bu ýaşaýyş jaýlar ildeşlerimize toý sowgady boldy. Bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurlan ajaýyp öýlerde jaý toýlaryny tutdular. Munuň özi halkymyzyň toýlarynyň toýlara ulaşýandygyny aýdyň beýan edýär.

Maýsa ISAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 39-njy orta mekdebiň müdiri.