Kalplary hyjuwly ýaş nesil

26 Awgust 2021
1017

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň bimöçber söýgi, üns-alada bilen gurşalmagynyň netijesinde eziz Diýarymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ýaş nesilleriň nurana geljegini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleri dünýä nusgalyk diýip, häsiýetlendirmek bolar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki ýokary derejeli şertleri özünde jemleýän çagalar sungat mekdepleri hem Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil barada edýän atalyk aladalarynyň ajaýyp miwesidir.

Biziň çagalar sungat mekdebimizde hem ýaş zehinlere sungatyň inçe syrlary tejribeli mugallymlar tarapyndan ussatlyk bilen öwredilýär. Ýaşajyk sungaty söýüjiler döwrüň talaplaryna görä geçilýän her bir dersi uly höwes bilen özleşdirýärler. Mekdebiň okuwçylary bagtyýarlyk döwrümizde ýetilýän belent sepgitleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy, parahatçylygy, milli gymmatlyklarymyzy, ajaýyp oba-şäherlerimizi wasp edýän şirin aýdym-sazlary, tanslary höwes bilen öwrenýärler hem-de ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, şanly wakalar mynasybetli guralýan dabaralarda çykyş edýärler, bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Parahat MYRADOWA,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň müdiri.