Bilim belentlikleriniň möhüm ugurlary

26 Awgust 2021
1090

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň direktorlary we birnäçe bilim işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanylan, döwletimizde durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, hakynda durup geçdiler. Bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygara eýermek bilen, ýurdumyzda özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýtdylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhün ugry hökmünde bilimiň hiliniň we mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün edilmegi, okuw-terbiýeçilik işindäki öňdebaryjy tejribeler nazara alnyp, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly özgertmeler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.