Kämil bilim — berk binýat

24 Awgust 2021
855

Ýurdumyzyň röwşen geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän nesliň sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda bilim ulgamyna möhüm orun gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş derejesiniň ösüşi, dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy bilen, bilim ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna sazlaşykly goşulyşmak, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek şertlerinde ähli ýokary we orta bilim ojaklarynda geljekki hünärmenlere daşary ýurt dilleri öwredilýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi daşary ýurt dillerini gowy bilýän kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna zerurlyk döredýär. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek dünýä medeniýetine, kämil ylym-bilim älemine aralaşmagyň açarydyr. Ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri esasy şertleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ýaşlaryň öz ene dilinden başga iki-üç daşary ýurt dilini öwrenmelidiklerini nygtaýar. Soňky döwürde ýurdumyzyň rus, iňlis, fransuz, nemes, ýapon, hytaý dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmekleri ýaşlaryň bu belent ynamdan ruhlanýandyklaryny görkezýär.

Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn esasda dürli çäreler geçirilýär. Ýaş nesle daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmak zehini taplaýar, dil babatdaky taýýarlyk ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, giň mümkinçilikleri açýar. Daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýurdumyzyň ýokary we orta mekdeplerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Dil merkezinde hem ýaşlaryň we dil öwrenmek isleýänleriň türkmen hem-de daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmekleri ugrunda degişli çäreler geçirilýär.

Dünýägözel HEBBIKULIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.