Irki ösüş — terbiýäniň möhüm ugry

24 Awgust 2021
809

Her bir türkmen maşgalasynda köp çagalylyk bagtlylyk saýylyp, «Altyn başly ak öýüň gelşigi sallançak», «Çagam eziz, edebi ondan-da eziz» ýaly nakyllarda, hüwdülerde halkyň çaga bolan söýgüsi özüniň giňişleýin beýanyny tapýar. Milletiň geljegi bolan ýaş nesle kämil terbiýe bermek milli bilim ulgamynyň işiniň bir bölegi bolup durýar. Terbiýeçilik işi bilen bagly wezipeler, ilki bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Çagalar bagy sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan mukaddes ojagydyr. Psihiologlar adamyň intellektual ösüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, edep-ekramynyň ilkinji binýadynyň onuň mekdebe çenli bolan ýaşynda emele gelýändigini aýdýarlar. Şonuň üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynda işlejek bilim işgärleriniň taýýarlygyna bilim zynjyrynda möhüm orun degişlidir. Bu edaralarda işleýän saglygy goraýyş we mugallymçylyk işgärleri tarapyndan çaganyň beden, akyl we durmuş taýdan ösüşine yzygiderli gözegçilik etmäge, beden taýdan kadaly ösmekleri üçin olaryň bedenterbiýe sapaklaryna höwesli gatnaşmaklaryny gazanmaga we olary sporta höweslendirmäge uly üns degişlidir.

Çagalarda döredijilige höwesi oýarmak üçin olara köpräk erteki okap bermek, multfilmleri görkezmek peýdalydyr. Bu döwürde daşary ýurt dillerini öwretmek örän netijelidir. Çaganyň mekdebe taýýarlygyna fiziki, psihiki we käbir deslapky bilimlere eýe bolmagy (mysal üçin sanap bilmegi, okap, ýazyp, surat çekip we ş.m. bilmegi) nukdaýnazaryndan seredilmeli. Çagalarda psihologik dartgynlylygy aýyrmaga ýardam berýän amatly psihologik şertleri, hoşniýetli we mähirli gurşawy döretmek, olarda erkinlik, öz hereketlerinde özbaşdaklyga döredijilikli çemeleşmek, şahsy pikirlerini erkin aýdyp bilmek duýgularyny döretmek ýaly wezipelere uly ähmiýet bermelidir. Çaganyň mekdebe çenli döwri manyly guralyp, bu işlere maşgala agzalary üns bilen çemeleşmelidir.

Ogulkeýik ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynyň müdiri.