1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni

27 Awgust 2021
1514

KÄMILLIK – BILIME GANAT

Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ýakynlap gelmegi mynasybetli, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary uzak aralykdan onlaýn arkaly gatnaşdylar.