"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmen halysy Walentina Moşkowanyň işinde

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Janly rowaýat” atly ajaýyp kitabynda: “Haly türkmen medeniýetiniň dünýäde iň äşgär çelgisidir. Onuň yzlaryny dürli ýurtlaryň awtorlarynyň çeper eserlerinde, ol ýa-da beýleki asyrlarda bu ülkelerde bolan jahankeşdeleriň ýazgylarynda, türkmen halysynyň bu sebitlerden has daşlara ýaýrandygyna şaýatlyk edýän taryhy möwritnamalarda, belli muzeýlerde, şeýle hem köp-köp sanly şahsy kolleksiýalarda görmek bolýar” diýen setirleri getirilýär. Bu bolsa, türkmen haly sungatynyň juda baý, inçe sungatdygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmen halysy bilen gyzyklanan meşhur rus etnograflarynyň biri-de Walentina Moşkowadyr. Moşkowa Merkezi Aziýanyň halklarynyň etnogenezi, medeniýeti hem-de sungaty barada içgin gyzyklanypdyr. Ýöne onuň döredijilik işiniň esasy bölegi Merkezi Aziýanyň haly önümlerine bagyşlanypdyr. Etnograf 1925-nji ýylda Merkezi Aziýanyň Gündogar institutyny gutarandan soň, dürli halklaryň sungatyny, medeniýetini öwrenmek bilen meşgullanýar. Şol döwürde-de etnografyň haly önümlerine bolan gyzyklanmasy has-da artýar. Moşkowa haly sungatyna uly söýgi bilen garap, ömrüniň 25 ýylyny bu inçe hem nepis sungaty öwrenmäge bagyşlapdyr.

Manyly ömür — nesillere ýörelge

Şeýle at bilen Kaka Kän müdirliginde maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň guramagynda bolan maslahata müdirligiň işçi-hünärmenleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işeňňir agzalary gatnaşdy. Maslahatda hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýatlamalary, gymmatly pikir-garaýyşlary, däp-dessurlarymyz, milli ýol-ýörelgelerimiz hakdaky beýan etmeleriniň çuňňur terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolmak bilen, okyjylarda uly täsirleri döredýändigi barada çykyşlarda aýratyn durlup geçildi. Hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan bölekleriň okalmagy bu çärä baý many çaýdy.

Terbiýeçilik işinde milli mazmun

Halkymyz terbiýeçilik işinde çagalaryň dürli ugurlardan bilimli-düşünjeli bolmaklaryny gazanmaga uly üns gönükdiripdir. Ýaş nesliň ýatkeşligini, ünsüni, göz öňüne getirmek ukybyny ösdürmekde halk döredijilik eserleriniň uly ähmiýeti bar. Halk döredijiligi çagalary dürli ugurdan bilimler bilen toplumlaýyn tanyşdyrmak üçin oňaýly gural bolup durýar. Aslynda, milli terbiýeçilik işi ene hüwdüsi bilen başlanýar. Çagalar heniz sallançakda wagty hüwdüler arkaly ene diliniň sesleri we sözleri, onuň ýakymlylygy, labyzlylygy bilen tanyşýar. Hüwdüleriň çagalaryň eşidiş ukybyny, ünsüni, labyzly ses bilen aýdylýan aýdymlara söýgini terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.

Bir dutaryň taryhy

(Bolan waka) Diňe bir dutaryň şirin owazyny däl, eýsem, dutar hakyndaky söhbetleri diňlemek hem diýseň ýakymly. Özüm-ä ýaşlygymdan bäri aýdym-sazdan, dutardan gürrüň açylsa, ony höwes bilen, soňuna çenli diňleýän. Soňam uzak wagtlap onuň täsirinden çykyp bilmeýärin. Belki-de şondandyr, kakam pahyryň uruşda ýitiren dutary barada arman çekip aýdyp beren şu gürrüňleri hakydamda müdimilik orun alyp galandyr.

Peder ýoly — mukaddes ýol

Gahryman Arkadagymyz: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy» diýýär. Bu söz öz halkynyň öňüne çykyp, iňňän jogapkärli wezipäni egnine alan adamyň sözi hökmünde-de, umuman, türkmeniň wepadar perzendiniň sözi hökmünde-de gymmatlydyr. Ol aňyrdan gelýän ýol-ýörelgäniň bozulman saklanylýandygyny, saklanylmalydygyny, geljege uzamalydygyny görkezýär. Şu üznüksiz baglanyşygy nesilleriň aňyna-kalbyna guýýar. Näme üçin? Ilkinji nobatda, bu ýol-ýörelgäniň ata-babalarymyzyň paýhas eleginden doly geçendigi, uzak asyrlaryň synagyna döz gelendigi, türkmeni hiç mahal ýalňyşdyrmandygy üçin. Hut şoňa görä, türkmen: «Ulusyny sylan beg bolar...» diýýär. Munuň manysy görelde hem ýörelge bolup ýören adama hormat-sarpa, onuň gadyryny bilmek baradadyr. Atalardan ogullara geçirilýän mukaddes duýgy-düşünjeler, edim-gylymlar, däp-dessurlar, adamkärçilik ýörelgeleri baradadyr. Magtymguly Pyragy beýik kämile ýeten çagynda öz mertebesine laýyk pespällik hem ýagty düşünje, ýürekdäki çyny dile getirmek bilen: «Ylym öwreden ussat — kyblam pederdir» diýipdir. Akylly türkmen hiç mahal «men etdim», «men bildim», «özüm bildim» diýen däldir. Öz ýeten derejesine akyl ýetiräýende-de, ylym öwreden, durmuşy öwreden, ýol görkezen pederine, halypalaryna belent hormat bilen garandyr. Milli Liderimiziň «mähriban kyblam» diýýäni — külli türkmeniň belent hormat bildirýän ynsany Mälikguly aga. Bu ajaýyp

Gadymy nusgalar

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Zergärçilik sungaty — milli mirasyň genji-hazynasy» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Serginiň esasyny Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhananyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramaçylykly işleri netijesinde 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda gelip gowşan hanym Natali Markarýan-Fardyň türkmen milli şaý-seplerinden ybarat bolan zergärçilik önümleri düzýär. Ol XIX — XX asyrlara degişli, özüniň 80-den gowrak gadymy nusgaly bezeg zynatlaryny maňlaýlyklaryň, saç bezegleriň, boýna dakylýan şaý-sepleriň, goşma bilezikleriň birnäçe görnüşleri we çapraz-çaňňalarydyr ýaşmak ujulary bilen has-da baýlaşdyrypdyr. Onuň uzak ýyllaryň dowamynda toplan atlara niýetlenilip ýasalan gözlük, kümüş saply gamçylar, jöwher pyçaklar hem zergärçilik önümleriniň düzümine girýär. Olaryň arasynda kümüşden ýasalan gopuzyň görnüşiniň, ikbaşyň, başdaragyň ýeke-täk nusgalarynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Zergärçilik sungatymyzyň naýbaşy nusgalary muzeý gymmatlyklarynyň üstüni has-da baýlaşdyryp, şan-şöhratly taryhymyza buýsanç döredýär.

Watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýörelgelerine sarpa goýmak,  ösdürmek we döwrebap derejede dowam etdirmek taglymaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen has-da baýlaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 24-nji martynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşypdy.

Gysym gumuň jandan ezizdir Watan!

Eziz Watanymyzyň dag-düzi, bagy-bossany owadan.  Ene topragyň asty hem hazyna, üsti hem hazyna. Tebigatynyň hemme zady ýerbe-ýer. Ol türkmeniň kalby ýaly tämiz, goşa tary ýaly owazly. Adam şu gözelligiň aşygy. Şeýle gözellikleri synlap durşuňa, Watanyň goýnunyň ene gujagy ýaly mähremdigini duýýarsyň. Sebäbi Watan buýsanjy ynsan balasynyň ýüregine ruhubelentligiň, atalaryň nurana ruhlaryna ygrarlylygyň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, sahawatyň tohumyny sepýär. Aslynda, ynsan dünýä inip, göz açanda, durnagöz asmana, gülälekli meýdana garap, bilbillerdir torgaý guşlaryň şirin owazyna diň salýar.

«Meniň guşum ak guş»

Has irki döwürlerde döräp, häzirki döwürde-de çagalaryň söýgüli oýunlarynyň biri «bäşdaş» oýnudyr. «Bäşdaş» oýny salkyn saýaly, özem daşy ýerden syrlap alar ýaly tekiz, arassa ýerde, azyndan iki bolup oýnalýar. Bu oýny gyzjagazlar oýnaýarlar. Oýny oýnamak üçin bäş sany birmeňzeş togalajyk daş-çagyl saýlanyp alynýar. Her kim özüniň gowy görýän reňkli daşyny saýlap: «Ine, meniň guşum ak guş». «Meniň guşum sary guş». «Meniň guşum gök guş» diýip, daşlary «guş» diýip atlandyrypdyrlar. «Bäşdaş» oýnuna, esasan, galyňlygy çen bilen 11 millimetre, göwrümi 22 millimetre barabar daşlar saýlanýar. Ondan kiçi daşlary gapmak, ýerden çaltlyk bilen almak kyn düşýär. Ol ölçegden uly daşlar bolsa çagalaryň eliniň aýasyna almagyna amatsyz bolýar. Oýnuň başynda bäş daş sag eliň aýasynyň içine alynýar. Daşlaryň ählisi ýokary zyňlyp, eliň aýasy bilen howada gapylýar. Oýna kimiň ilki başlamalydygyny kesgitlemek üçin, oýunçy «Elarka kaky» diýen sözi aýdýar. Bu «Elimiň arkasy bilen daşy kakyp, tutup alýaryn» diýdigi. Şonuň üçin «Bäşdaş» oýny käbir etraplarda «Elarka» oýny diýlip hem atlandyrylýar. Bu söz oýnuň ady hökmünde «Gözdaňdy», «Guşakgapdy», «Kepbamgurdy» ýaly oýunlaryň atlary ýaly goşma at şekilinde ýüze çykypdyr. Oýnuň bu tapgyry haýsy oýunçy köp daşy tutup bilşine çenli dowam edýär. Mysal üçin, bir oýunçy daşy ýokary zyňanda, bäş daşyň dördüsiniň, üçüsiniň... eliň arka tarapyna düşmegi ýa-da

Magtymgulynyň mertlik pelsepesi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde esasy özen, hakyky jöwhermaýa hasaplaýar. Magtymguly Pyragy terbiýe meselesinde watançylyk terbiýesini ilkinji nobatda goýýar. Watansöýüjiligiň özeninde bolsa mertligi binýatlaýar. Akyldar mertligi ýürege, kalba öwrüp, ony ýüregiň batyrlygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi hökmünde şöhlelendirýär. Ýaş ýürek özüniň mertligi bilen Watan merdi, gahrymany bolýar. Magtymguly Pyragy mertligi ähli ahlak kadalarynyň öňbaşçysy saýyp, şeýle setirleri ýazypdyr: Mert çykar myhmana güler ýüz bile...

Halypanyň halypasyny ýatlap...

Halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy bilen döredijilik adamlaryna uly sarpa goýulýar. Gazet-žurnallarda olar barada makalalardyr ýakymly ýatlamalary yzygiderli okamak bolýar. Meniň şu makalany ýazmagyma halypam, ussat hekaýaçy Amanny Ataýewiň halypasynyň kim bolandygyny bilmek höwesi sebäp boldy. Dogrusy, Amanny halypanyň gündelik ýöredýändiginden bihabardym. Diňe 2013-nji ýylda merhum ýazyjynyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen hatyra gününde onuň gündelik ýöredendigine göz ýetirdim. Şonda çäräniň guramaçysy, ýazyjynyň edebi mirasyny öwrenmek boýunça toparyň ýolbaşçysy, şahyr Kakabaý Gurbanmyradow gündelikden bir nusgasyny ýadygärlik berenden soň bilip galdym: “15.01.1987. Ýazyjy Bazar Öwezowyň 60 ýaşyny belledik. Marynyň medeniýet köşgünde ýubileý dabarasy bolup, soňam öýünde toý saçagynyň başynda şahyrlar Mämmet Seýidow, Juma Orazow, artist Akmyrat Hümmedow, aýdymçy Mämi Çaryýew dagy bilen bile oturdyk.

Sungatyň goşa daragty

Ýazbibi Ahmedowa XX asyryň başlarynda Baýramaly etrabynda halyçylar maşgalasynda dogulýar. Ol “Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez” diýilýän halyçy bolup ýetişipdir. “Zehin zehine ýol açýar” diýilişi ýaly, halyçy zenan 1937-nji ýylda dünýä inen gyzy Jöwza Şahberdiýewanyň ussat halyçy bolup ýetişmegine tagalla edipdir. Biziň söhbedimiz bu iki ussadyň agzybirlige we parahatçylyga bagyşlap döreden halylary hakynda bolar.

Muny bilmek gyzykly

Ilkinji mehaniki sagatlarda ýeke dil, ýagny, diňe sagadyň wagtyny görkezýän dil bolupdyr. Ol 1404-nji ýylda Moskwada ýasalypdyr. Jübi sagatlary, takmynan, 1500-nji ýyllarda Ýewropada peýda bolýar. Ilkinji maýatnikli sagat 1657-nji ýylda Gollandiýada ýasalypdyr. Häzirki wagtda ylmyň, tehnikanyň ösmegi bilen elektron we beýleki kämilleşdirilen sagatlar giňden ulanylýar. * * *

Söz ýetmez waspyňa, bedew!

Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan sünnälenip gelnen milli mirasymyzyň her bir görnüşi sungat derejesinde bolup, ol biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Milletimiziň dutar ýasamak, onda saz çalmak, aýdym aýtmak däpleri gadymdan bäri uly meşhurlyga eýedir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýlaryndaky waka şol gadymy, meşhur däplerimizi äleme äşgär etdi. Şol buýsançly waka dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň asyl nusgasynyň gelip gowuşmagydyr. Munuň özi diňe bir şol ugra degişli adamlary däl, tutuş halkymyzy ganatlandyrdy. Bu şatlykly waka türkmeniň milli mirasynyň ýene bir görnüşi baradaky hakykaty äleme ýaýdy.

Mirasgäriň ýandepderçesinden

Haçan näme ekmeli? Daýhanlar uzak ýyllaryň dowamynda gazanan tejribeleri esasynda Aýyň dürli döwürlerdäki ýagdaýynyň daýhançylyga edýän täsirini öwrenipdirler. Şonuň üçin hem mümkin bolan halatynda asmandaky Aýyň ulalýan, kiçelýän, dogýan, ýaşýan günlerinde belli bir ekinleri ekmäge çalşypdyrlar.

Mil­li ýö­rel­ge­le­re be­lent sar­pa

Hal­ky­myz he­mi­şe döw­let­li­li­ge aý­ra­tyn sar­pa go­ýup­dyr. Her bir adam, her bir ne­sil özün­den öň­ki ýe­ti­len sep­git­le­ri beý­gelt­me­giň ala­da­sy bi­len ýa­şap­dyr. Diý­mek, dur­muş tej­ri­be­le­ri yn­sa­ny­ýe­tiň ösüş­le­ri­niň ba­dal­ga­sy bo­lup­dyr. Di­ňe şeý­le çe­me­leş­me­le­riň, ýag­ny öw­re­ni­len­le­ri öz­leş­di­rip, öz­leş­di­ri­len­le­ri kä­mil­leş­dir­me­giň ne­ti­je­sin­de ylym, bi­lim ös­mek bi­len bo­lup­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» ese­rin­de bir tym­sal ge­ti­ril­ýär. Şol tym­sal­da pe­der­ler­den ga­lan ro­wa­ýat­dyr he­ka­ýat­la­ryň, gür­rüň­le­riň ma­ny­sy­ny tir­mek dog­ru­syn­da gür­rüň goz­gal­ýar:

Watan mukaddesligi

Türkmen halky ähli döwürde-de ata Watanymyzy, mähriban Diýarymyzy naýbaşy gymmatlyk hem-de mukaddeslik saýypdyr. Halkymyz mukaddes hasaplaýan gymmatlyklaryny jandan eziz söýüp, olary hemişe aýaýar we bu asylly ýörelgäni ýaş nesillere ündeýär. Türkmençilikde «ata Watan, ene toprak» diýlip, Watan bu iki mukaddeslige deňelýär. Ata-enäniň öz perzendini ezizläp, kemala getirişi ýaly, biziň hem her birimiz ata Watanymyzyň goýnunda erkana kemala gelýäris, bolelin durmuşda ýaşaýarys, onuň bedew batly ösüşleri hem-de halkymyz, geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtyýar döwran sürmegi üçin zähmet çekýäris, döredýäris, gurýarys. Parasatly pederlerimiz şu topragyň mukaddesliklerini, milli mirasymyzyň gymmatly hazynalaryny gözüniň göreji deý saklap, kämilleşdirip, baýlaşdyryp, şu günki günlerimize ýetirmegiň hötdesinden gelipdirler, Watanyň üstüne howp abananda şirin janyny orta goýup ony duşmandan mertlerçe goramagy başarypdyrlar. Türkmeniň Watanyna bolan söýgüsini, watansöýüjiligini, merdi-merdanalygyny, agzybirligini, lebze ygrarlylygyny, asylly ýörelgelerini, ýigitlerimiziň gaýduwsyzlygyny, gelin-gyzlarymyzyň akyl-paýhaslylygyny beýan edýän «Görogly» şadessanynda Jygaly beg agtygy Göroglyny bedew at bilen, deňsiz-taýsyz ýaraglar bilen üpjün edip, terbiýeläp, kemala getirip, oňa nesihat berende, ilki bilen, Watan gymmatlygyny, mukaddesligini aýratyn nygtaýar:

Gyzy ümede synla

Halkymyzyň pähim-paýhas ummanynda «Gyzy ümede synla» diýen pähim bar. Ümäniň nämedigini ýaşy birçene baran zenanlar has oňat bilýändirler. Türkmen durmuşynda ýörgünli däp bolan üme — durmuşa çykjak gyzyň eşiklerini tikmek üçin gyz-gelinleriň ýowar şekilli ýygnanyşygydyr. Iň guwançly ýeri-de, ümäniň ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy däpdigine garamazdan, onuň şu günki günler hem ähmiýetini ýitirmeýändigidir. Ümä üýşmek däbi häzir hem ýaşlaryň arasynda dowam edýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan üme barada aýdylanda, toý sähedi bellenensoň, durmuşa çykýan gyzyň dokuzyny tizräk düzmäge howlugypdyrlar. Tikin-çatyn üçin mata-marlak, düşek etmek üçin ýüň, boýag getirilensoň, gyz üme edip boýdaşlaryny çagyrypdyr.

Akgoýun toýy

Akgoýun toýy halkymyzyň iň naýbaşy toýlarynyň biridir. Ata-babalarymyzdan miras galan bu gadymy toýuň aňyrsynda milletimiziň öz ýaşuly nesline goýýan uly hormat-sarpasy ýatandyr. Çünki türkmen halkynda akgoýun toýuny toýlamak wajyp, sogap hem parz iş hasaplanypdyr. 63 ýaş Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetilmegini aňladýar. Bu ýaşa ýeten watandaşlarymyza akgoýun toýuny bellemäge döwletimiz tarapyndan hem giň mümkinçilikler döredilip, hemaýat berilýär. Wagtyň geçmegi we döwrüň üýtgemegi bilen halkymyzda pygamber ýaşynyň toýy hasap edilýän akgoýun toýy has-da kämilleşip, onuň many-mazmuny täze döwrebap dessurlar bilen baýlaşyp, belent derejelere çykaryldy. Geçmişde akgoýun toýy «Ak aş» diýlip atlandyrylypdyr. Toýda pygamberimiziň ýaşan ýaşyna ýeten, erkek adama ýakynlary ýagşy niýet edip, ak eşik geýdiripdirler, başyna ak silkme telpek, egnine bolsa düýe ýüňünden edilen çäkmen ýa-da gymmat bahaly, ýörite niýetlenip tikilen don geýdiripdirler. Kümüş saçly enelerimiziň başyna ak seçekli gyňaç daňypdyrlar.

Gopuz — meşhur saz guraly

Gopuz dünýäde iň gadymy we giňden ýaýran saz guralydyr. Ol dünýäniň 200-den gowrak halkynyň milli saz guraly hasaplanýar we her halkda-da dürlüçe atlandyrylýar. Dünýäde gopuzyň 160-dan gowrak görnüşi bar. Ir döwürler Norwegiýada gopuzy haýwanlaryň süňkünden ýasapdyrlar. Germaniýada we Awstriýada ýaşaýan ýerli halk bolsa bu saz guralyny agaçdan ýasapdyr. Soňy bilen gopuzy demirden ýasamaklyk ýoň bolupdyr. Gopuzlaryň ählisiniň-de gurluşy meňzeş, ýöne ululygy-kiçiligi dürli-dürli. Onuň sesi saz guralynyň göwrümine bagly. Sadaja saz guraly çep eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanýar-da, sag eliň süýem barmagy bilen onuň inçejik diljagazyna kakylýar. Şonda agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde täsin owaz ýüze çykýar. Gopuzda saz çalnanda sesiň belentligi agzyň açylyş giňligine baglydyr, dodaklaryňy açygrak saklasaň, ses has dury we ýiti çykýar, ýumubrak saklasaň, ses goýalýar, peselen ýaly bolýar. Ses agyz, bokurdak, gaňşyrawuk boşlugynda aýlanyp, özüne çekiji heňe öwrülýär. Demiňi güýçlendirmek ýa-da haýallatmak arkaly täsirli owaz alynýar. Öňki döwürlerde gopuzyň owazyna geçmiş bilen geljegi baglanyşdyrýan ses hökmünde garapdyrlar. Gopuz türkmen halkynyň hem iň gadymy saz guralydyr. Gopuz sözi «gop» we «uz» diýen gadymy türki sözlerden gelip çykyp, «belent owaz» diýen manyny berýär. Halkymyzda gopuz, esasan, gyzlaryň saz guraly has