Gadymy nusgalar

11 Awgust 2022
822

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Zergärçilik sungaty — milli mirasyň genji-hazynasy» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Serginiň esasyny Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhananyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramaçylykly işleri netijesinde 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda gelip gowşan hanym Natali Markarýan-Fardyň türkmen milli şaý-seplerinden ybarat bolan zergärçilik önümleri düzýär. Ol XIX — XX asyrlara degişli, özüniň 80-den gowrak gadymy nusgaly bezeg zynatlaryny maňlaýlyklaryň, saç bezegleriň, boýna dakylýan şaý-sepleriň, goşma bilezikleriň birnäçe görnüşleri we çapraz-çaňňalarydyr ýaşmak ujulary bilen has-da baýlaşdyrypdyr. Onuň uzak ýyllaryň dowamynda toplan atlara niýetlenilip ýasalan gözlük, kümüş saply gamçylar, jöwher pyçaklar hem zergärçilik önümleriniň düzümine girýär. Olaryň arasynda kümüşden ýasalan gopuzyň görnüşiniň, ikbaşyň, başdaragyň ýeke-täk nusgalarynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Zergärçilik sungatymyzyň naýbaşy nusgalary muzeý gymmatlyklarynyň üstüni has-da baýlaşdyryp, şan-şöhratly taryhymyza buýsanç döredýär.

Akbike JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.