Terbiýeçilik işinde milli mazmun

16 Awgust 2022
538

Halkymyz terbiýeçilik işinde çagalaryň dürli ugurlardan bilimli-düşünjeli bolmaklaryny gazanmaga uly üns gönükdiripdir. Ýaş nesliň ýatkeşligini, ünsüni, göz öňüne getirmek ukybyny ösdürmekde halk döredijilik eserleriniň uly ähmiýeti bar. Halk döredijiligi çagalary dürli ugurdan bilimler bilen toplumlaýyn tanyşdyrmak üçin oňaýly gural bolup durýar.

Aslynda, milli terbiýeçilik işi ene hüwdüsi bilen başlanýar. Çagalar heniz sallançakda wagty hüwdüler arkaly ene diliniň sesleri we sözleri, onuň ýakymlylygy, labyzlylygy bilen tanyşýar. Hüwdüleriň çagalaryň eşidiş ukybyny, ünsüni, labyzly ses bilen aýdylýan aýdymlara söýgini terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.

Laçyn MÄMMETALYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 15-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.