Söz ýetmez waspyňa, bedew!

10 Awgust 2022
623

Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan sünnälenip gelnen milli mirasymyzyň her bir görnüşi sungat derejesinde bolup, ol biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Milletimiziň dutar ýasamak, onda saz çalmak, aýdym aýtmak däpleri gadymdan bäri uly meşhurlyga eýedir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýlaryndaky waka şol gadymy, meşhur däplerimizi äleme äşgär etdi. Şol buýsançly waka dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň asyl nusgasynyň gelip gowuşmagydyr. Munuň özi diňe bir şol ugra degişli adamlary däl, tutuş halkymyzy ganatlandyrdy. Bu şatlykly waka türkmeniň milli mirasynyň ýene bir görnüşi baradaky hakykaty äleme ýaýdy.

Annabaýram PAÝAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.