Magtymgulynyň mertlik pelsepesi

11 Awgust 2022
978

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde esasy özen, hakyky jöwhermaýa hasaplaýar. Magtymguly Pyragy terbiýe meselesinde watançylyk terbiýesini ilkinji nobatda goýýar. Watansöýüjiligiň özeninde bolsa mertligi binýatlaýar. Akyldar mertligi ýürege, kalba öwrüp, ony ýüregiň batyrlygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi hökmünde şöhlelendirýär. Ýaş ýürek özüniň mertligi bilen Watan merdi, gahrymany bolýar. Magtymguly Pyragy mertligi ähli ahlak kadalarynyň öňbaşçysy saýyp, şeýle setirleri ýazypdyr:

Mert çykar myhmana güler ýüz bile...

Süleýman ILAMANOW.