Gysym gumuň jandan ezizdir Watan!

11 Awgust 2022
584

Eziz Watanymyzyň dag-düzi, bagy-bossany owadan.  Ene topragyň asty hem hazyna, üsti hem hazyna. Tebigatynyň hemme zady ýerbe-ýer. Ol türkmeniň kalby ýaly tämiz, goşa tary ýaly owazly. Adam şu gözelligiň aşygy. Şeýle gözellikleri synlap durşuňa, Watanyň goýnunyň ene gujagy ýaly mähremdigini duýýarsyň.

Sebäbi Watan buýsanjy ynsan balasynyň ýüregine ruhubelentligiň, atalaryň nurana ruhlaryna ygrarlylygyň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, sahawatyň tohumyny sepýär. Aslynda, ynsan dünýä inip, göz açanda, durnagöz asmana, gülälekli meýdana garap, bilbillerdir torgaý guşlaryň şirin owazyna diň salýar.

Bibi ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri.