Muny bilmek gyzykly

10 Awgust 2022
571

Ilkinji mehaniki sagatlarda ýeke dil, ýagny, diňe sagadyň wagtyny görkezýän dil bolupdyr. Ol 1404-nji ýylda Moskwada ýasalypdyr. Jübi sagatlary, takmynan, 1500-nji ýyllarda Ýewropada peýda bolýar. Ilkinji maýatnikli sagat 1657-nji ýylda Gollandiýada ýasalypdyr. Häzirki wagtda ylmyň, tehnikanyň ösmegi bilen elektron we beýleki kämilleşdirilen sagatlar giňden ulanylýar.

* * *

Taýýarlan Maral SULTANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.