Manyly ömür — nesillere ýörelge

16 Awgust 2022
497

Şeýle at bilen Kaka Kän müdirliginde maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň guramagynda bolan maslahata müdirligiň işçi-hünärmenleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işeňňir agzalary gatnaşdy.

Maslahatda hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýatlamalary, gymmatly pikir-garaýyşlary, däp-dessurlarymyz, milli ýol-ýörelgelerimiz hakdaky beýan etmeleriniň çuňňur terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolmak bilen, okyjylarda uly täsirleri döredýändigi barada çykyşlarda aýratyn durlup geçildi. Hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan bölekleriň okalmagy bu çärä baý many çaýdy.

Jeren ANNALYÝEWA,
Kaka etrabyndaky Kän müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.