Peder ýoly — mukaddes ýol

11 Awgust 2022
667

Gahryman Arkadagymyz: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy» diýýär. Bu söz öz halkynyň öňüne çykyp, iňňän jogapkärli wezipäni egnine alan adamyň sözi hökmünde-de, umuman, türkmeniň wepadar perzendiniň sözi hökmünde-de gymmatlydyr. Ol aňyrdan gelýän ýol-ýörelgäniň bozulman saklanylýandygyny, saklanylmalydygyny, geljege uzamalydygyny görkezýär. Şu üznüksiz baglanyşygy nesilleriň aňyna-kalbyna guýýar. Näme üçin? Ilkinji nobatda, bu ýol-ýörelgäniň ata-babalarymyzyň paýhas eleginden doly geçendigi, uzak asyrlaryň synagyna döz gelendigi, türkmeni hiç mahal ýalňyşdyrmandygy üçin. Hut şoňa görä, türkmen: «Ulusyny sylan beg bolar...» diýýär. Munuň manysy görelde hem ýörelge bolup ýören adama hormat-sarpa, onuň gadyryny bilmek baradadyr. Atalardan ogullara geçirilýän mukaddes duýgy-düşünjeler, edim-gylymlar, däp-dessurlar, adamkärçilik ýörelgeleri baradadyr. Magtymguly Pyragy beýik kämile ýeten çagynda öz mertebesine laýyk pespällik hem ýagty düşünje, ýürekdäki çyny dile getirmek bilen: «Ylym öwreden ussat — kyblam pederdir» diýipdir. Akylly türkmen hiç mahal «men etdim», «men bildim», «özüm bildim» diýen däldir. Öz ýeten derejesine akyl ýetiräýende-de, ylym öwreden, durmuşy öwreden, ýol görkezen pederine, halypalaryna belent hormat bilen garandyr.

Milli Liderimiziň «mähriban kyblam» diýýäni — külli türkmeniň belent hormat bildirýän ynsany Mälikguly aga. Bu ajaýyp ynsany biziň hemmämiz diňe ýagşylykda ýatlaýarys. Dirilikde sylanmak, ondan soň hem mydama ýagşylykda ýatlanmak — bu her kimiň öz hereketi bilen gazanylýar. Diýmek, her kim muny durmuşdaky orny, adamlar bilen gatnaşygy, ile-ýurda söýgüsi, hünäri, zähmeti bilen gazanýar. Mälikguly aga öz halkynyň belent hormatyny ähli artykmaçlyklary bilen, halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary bilen gazandy. Merdi-merdanalygy, belent adamkärçiligi bilen gazandy. Bilimi hem tejribesi bilen gazandy. Aňyna hem kalbyna guýlan, ganynda aýlanan, dünýäsini dolduran ajaýyp häsiýetler, tämiz duýgy-düşünjeler ony bütin ömrüne goldandyr. Mälikguly aga, ine, şeýdip abraý-mertebäniň belent tagtyna ýetendir. Beýle ynsanlaryň dirikä gadyryny bilmek, dünýeden ötenlerinden soň hem ruhuna sygynmak aňyrdan gelýän inçe ýoldur. Şeýle etmek bilen türkmen öz asylky häsiýetlerine birleşýär, nesillerini dogry ýola — halallyk, sogap, haýyr, ýagşylyk ýoluna salýar.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».