Türkmen halysy Walentina Moşkowanyň işinde

17 Awgust 2022
850

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Janly rowaýat” atly ajaýyp kitabynda: “Haly türkmen medeniýetiniň dünýäde iň äşgär çelgisidir. Onuň yzlaryny dürli ýurtlaryň awtorlarynyň çeper eserlerinde, ol ýa-da beýleki asyrlarda bu ülkelerde bolan jahankeşdeleriň ýazgylarynda, türkmen halysynyň bu sebitlerden has daşlara ýaýrandygyna şaýatlyk edýän taryhy möwritnamalarda, belli muzeýlerde, şeýle hem köp-köp sanly şahsy kolleksiýalarda görmek bolýar” diýen setirleri getirilýär. Bu bolsa, türkmen haly sungatynyň juda baý, inçe sungatdygyny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Türkmen halysy bilen gyzyklanan meşhur rus etnograflarynyň biri-de Walentina Moşkowadyr. Moşkowa Merkezi Aziýanyň halklarynyň etnogenezi, medeniýeti hem-de sungaty barada içgin gyzyklanypdyr. Ýöne onuň döredijilik işiniň esasy bölegi Merkezi Aziýanyň haly önümlerine bagyşlanypdyr. Etnograf 1925-nji ýylda Merkezi Aziýanyň Gündogar institutyny gutarandan soň, dürli halklaryň sungatyny, medeniýetini öwrenmek bilen meşgullanýar. Şol döwürde-de etnografyň haly önümlerine bolan gyzyklanmasy has-da artýar. Moşkowa haly sungatyna uly söýgi bilen garap, ömrüniň 25 ýylyny bu inçe hem nepis sungaty öwrenmäge bagyşlapdyr. Ol Merkezi Aziýanyň haly sungatyny höwes bilen öwrenen etnograflaryň biridir. Bu sungaty öwrenen etnografyň esasy iş usuly halyçy gelin-gyzlar bilen söhbetdeşlik geçirmekden ybarat bolupdyr.