Halypanyň halypasyny ýatlap...

10 Awgust 2022
687

Halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy bilen döredijilik adamlaryna uly sarpa goýulýar. Gazet-žurnallarda olar barada makalalardyr ýakymly ýatlamalary yzygiderli okamak bolýar.

Meniň şu makalany ýazmagyma halypam, ussat hekaýaçy Amanny Ataýewiň halypasynyň kim bolandygyny bilmek höwesi sebäp boldy. Dogrusy, Amanny halypanyň gündelik ýöredýändiginden bihabardym. Diňe 2013-nji ýylda merhum ýazyjynyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen hatyra gününde onuň gündelik ýöredendigine göz ýetirdim. Şonda çäräniň guramaçysy, ýazyjynyň edebi mirasyny öwrenmek boýunça toparyň ýolbaşçysy, şahyr Kakabaý Gurbanmyradow gündelikden bir nusgasyny ýadygärlik berenden soň bilip galdym: “15.01.1987. Ýazyjy Bazar Öwezowyň 60 ýaşyny belledik. Marynyň medeniýet köşgünde ýubileý dabarasy bolup, soňam öýünde toý saçagynyň başynda şahyrlar Mämmet Seýidow, Juma Orazow, artist Akmyrat Hümmedow, aýdymçy Mämi Çaryýew dagy bilen bile oturdyk.