«Meniň guşum ak guş»

11 Awgust 2022
685

Has irki döwürlerde döräp, häzirki döwürde-de çagalaryň söýgüli oýunlarynyň biri «bäşdaş» oýnudyr. «Bäşdaş» oýny salkyn saýaly, özem daşy ýerden syrlap alar ýaly tekiz, arassa ýerde, azyndan iki bolup oýnalýar. Bu oýny gyzjagazlar oýnaýarlar. Oýny oýnamak üçin bäş sany birmeňzeş togalajyk daş-çagyl saýlanyp alynýar. Her kim özüniň gowy görýän reňkli daşyny saýlap: «Ine, meniň guşum ak guş». «Meniň guşum sary guş». «Meniň guşum gök guş» diýip, daşlary «guş» diýip atlandyrypdyrlar.

«Bäşdaş» oýnuna, esasan, galyňlygy çen bilen 11 millimetre, göwrümi 22 millimetre barabar daşlar saýlanýar. Ondan kiçi daşlary gapmak, ýerden çaltlyk bilen almak kyn düşýär. Ol ölçegden uly daşlar bolsa çagalaryň eliniň aýasyna almagyna amatsyz bolýar. Oýnuň başynda bäş daş sag eliň aýasynyň içine alynýar. Daşlaryň ählisi ýokary zyňlyp, eliň aýasy bilen howada gapylýar. Oýna kimiň ilki başlamalydygyny kesgitlemek üçin, oýunçy «Elarka kaky» diýen sözi aýdýar. Bu «Elimiň arkasy bilen daşy kakyp, tutup alýaryn» diýdigi. Şonuň üçin «Bäşdaş» oýny käbir etraplarda «Elarka» oýny diýlip hem atlandyrylýar. Bu söz oýnuň ady hökmünde «Gözdaňdy», «Guşakgapdy», «Kepbamgurdy» ýaly oýunlaryň atlary ýaly goşma at şekilinde ýüze çykypdyr. Oýnuň bu tapgyry haýsy oýunçy köp daşy tutup bilşine çenli dowam edýär. Mysal üçin, bir oýunçy daşy ýokary zyňanda, bäş daşyň dördüsiniň, üçüsiniň... eliň arka tarapyna düşmegi ýa-da gapylanda hemmesini tutup bilmezligi mümkin. Şeýle ýagdaýda haýsy oýunçy köp daşy gapyp bilse, şol hem oýna ilki başlaýar we oýnuň indiki tapgyrlary dowam edýär.

Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.