Gyzy ümede synla

9 Awgust 2022
840

Halkymyzyň pähim-paýhas ummanynda «Gyzy ümede synla» diýen pähim bar. Ümäniň nämedigini ýaşy birçene baran zenanlar has oňat bilýändirler. Türkmen durmuşynda ýörgünli däp bolan üme — durmuşa çykjak gyzyň eşiklerini tikmek üçin gyz-gelinleriň ýowar şekilli ýygnanyşygydyr. Iň guwançly ýeri-de, ümäniň ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy däpdigine garamazdan, onuň şu günki günler hem ähmiýetini ýitirmeýändigidir. Ümä üýşmek däbi häzir hem ýaşlaryň arasynda dowam edýär.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan üme barada aýdylanda, toý sähedi bellenensoň, durmuşa çykýan gyzyň dokuzyny tizräk düzmäge howlugypdyrlar. Tikin-çatyn üçin mata-marlak, düşek etmek üçin ýüň, boýag getirilensoň, gyz üme edip boýdaşlaryny çagyrypdyr.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy».