Akgoýun toýy

9 Awgust 2022
866

Akgoýun toýy halkymyzyň iň naýbaşy toýlarynyň biridir. Ata-babalarymyzdan miras galan bu gadymy toýuň aňyrsynda milletimiziň öz ýaşuly nesline goýýan uly hormat-sarpasy ýatandyr. Çünki türkmen halkynda akgoýun toýuny toýlamak wajyp, sogap hem parz iş hasaplanypdyr. 63 ýaş Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetilmegini aňladýar. Bu ýaşa ýeten watandaşlarymyza akgoýun toýuny bellemäge döwletimiz tarapyndan hem giň mümkinçilikler döredilip, hemaýat berilýär.

Wagtyň geçmegi we döwrüň üýtgemegi bilen halkymyzda pygamber ýaşynyň toýy hasap edilýän akgoýun toýy has-da kämilleşip, onuň many-mazmuny täze döwrebap dessurlar bilen baýlaşyp, belent derejelere çykaryldy. Geçmişde akgoýun toýy «Ak aş» diýlip atlandyrylypdyr. Toýda pygamberimiziň ýaşan ýaşyna ýeten, erkek adama ýakynlary ýagşy niýet edip, ak eşik geýdiripdirler, başyna ak silkme telpek, egnine bolsa düýe ýüňünden edilen çäkmen ýa-da gymmat bahaly, ýörite niýetlenip tikilen don geýdiripdirler. Kümüş saçly enelerimiziň başyna ak seçekli gyňaç daňypdyrlar.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy».