Watan mukaddesligi

9 Awgust 2022
712

Türkmen halky ähli döwürde-de ata Watanymyzy, mähriban Diýarymyzy naýbaşy gymmatlyk hem-de mukaddeslik saýypdyr. Halkymyz mukaddes hasaplaýan gymmatlyklaryny jandan eziz söýüp, olary hemişe aýaýar we bu asylly ýörelgäni ýaş nesillere ündeýär. Türkmençilikde «ata Watan, ene toprak» diýlip, Watan bu iki mukaddeslige deňelýär. Ata-enäniň öz perzendini ezizläp, kemala getirişi ýaly, biziň hem her birimiz ata Watanymyzyň goýnunda erkana kemala gelýäris, bolelin durmuşda ýaşaýarys, onuň bedew batly ösüşleri hem-de halkymyz, geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtyýar döwran sürmegi üçin zähmet çekýäris, döredýäris, gurýarys.

Parasatly pederlerimiz şu topragyň mukaddesliklerini, milli mirasymyzyň gymmatly hazynalaryny gözüniň göreji deý saklap, kämilleşdirip, baýlaşdyryp, şu günki günlerimize ýetirmegiň hötdesinden gelipdirler, Watanyň üstüne howp abananda şirin janyny orta goýup ony duşmandan mertlerçe goramagy başarypdyrlar. Türkmeniň Watanyna bolan söýgüsini, watansöýüjiligini, merdi-merdanalygyny, agzybirligini, lebze ygrarlylygyny, asylly ýörelgelerini, ýigitlerimiziň gaýduwsyzlygyny, gelin-gyzlarymyzyň akyl-paýhaslylygyny beýan edýän «Görogly» şadessanynda Jygaly beg agtygy Göroglyny bedew at bilen, deňsiz-taýsyz ýaraglar bilen üpjün edip, terbiýeläp, kemala getirip, oňa nesihat berende, ilki bilen, Watan gymmatlygyny, mukaddesligini aýratyn nygtaýar:

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.