"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Saklanyp galan pursatlar

Halypa halyçy Bibi Ahmedowa hem-de onuň gyzy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Jöwza Şahberdiýewa gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşdy. Bu iki ussat halyçynyň dokan ajaýyp halylary halkymyzyň milli gymmatlygynyň naýbaşy nusgalarydyr. 1970-nji ýylda düşürilen bu suratda ene kesbini dowam eden Jöwza Şahberdiýewanyň öz dokan «Hödür» atly halysyny synlaýan pursaty şöhlelendirilýär.

Puşkin türkmen halysynda

Meşhur rus şahyry Aleksandr Puşkiniň keşbi çitilen haly (1943 ý.). Rus nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ömri we döredijiligi bilen türkmen okyjylary ozaldan tanyşdyr. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyryň «Ýewgeniý Onegin», «Kapitan gyzy», «Dubrowskiý», «Arzuruma syýahat», «Syrgyn», «Garahal gyz», «Täsin pursat meniň ýadymda» ýaly birnäçe eserleri ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary tarapyndan türkmen diline terjime edildi.

Tymsallar

Iki däne Bahar paslynyň hoştap howaly günleriniň birinde topragyň üstünde iki sany däne ýatyrdy. Birinji däne şeýle diýdi:

Ahalteke bedewi - şöh­rat­ly ta­ry­hyň şan­ly mi­ra­sy

Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda türkmen halky dünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşupdyr. Olardan iň naýbaşylarynyň biri ady rowaýata öwrülen türkmen bedewi hasaplanýar. Bedew türkmen üçin şatlygyny, gam-gussasyny çekişýän dost, söweşlerde egin-egne beren arkadaýanç hasaplanýar. Nesilbaşymyz Oguz han döwründen aslyny alyp gaýdýan bedewlerimiz gadyr-gymmatyny saklap, adyny äleme ýaýypdyr. Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda berkarar döwletler guran ata-babalarymyzyň Watanyň çägine ýowuz duşman aralaşsa, kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan türkmen bedewiniň ýyndamlykda, owadanlykda, kuwwatlylykda, uzak ýörişlere çydamlylykda müňlerçe ýyllaryň dowamynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda bedewe ynsan durmuşynda aýratyn ornuň degişlidigini äşgär edýän köp sanly maglumatlar bar. Müňýyllyklaryň jümmüşinden biziň döwrümize gelip ýeten gadymy türkmen teňňeleri, atlaryň we çapyksuwarlaryň şekilleri, olaryň ajaýyp sazlaşygyny beýan edýän senetçilik önümleri munuň aýdyň subutnamalarydyr. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynda bedewiň waspy, onuň şöhraty has-da giňden beýan edilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungatynda seýisçilik ýörite bir hünär hökmünde görülýär. Eserde Göroglynyň wepaly dosty Gyratyna bolan hormat-sarpa ýugrulan gatnaşygynyň beýany eriş-argaç bolup

Garaşsyzlyk mirashanalary

Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyza aýratyn üns bermegi netijesinde Garaşsyz ýurdumyzyň muzeýleriniň täze binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine giň ýol açdy. Bu günki gün Arkadagly Serdarymyz milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagynyň wajyplygyna uly ähmiýet berýär. 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň ozalky Taryh we etnografiýa muzeýi we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi birleşdirilip, Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi. 2009-njy ýylyň 14-nji maýyndan ol Türkmenistanyň Baş milli muzeýi ady bilen hereket edip başlady. Şol ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň, 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň binalarynyň dabaraly açylyşy boldy.

Gözelleriň döredýän gözelligi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň wasp edişi ýaly, «al-ýaşyl bürenip çykýan» türkmen perileriniň lybaslary sungat derejesine ýetirilen nepisligi bilen hemişe-de göreni haýran edipdir. Ol gözellik şahyrlaryň şygyrlaryna, bagşylaryň aýdymlaryna siňip, belentden wasp edilipdir. Çeper elli gözeller bolsa ökde suratkeş kimin, sylag-sarpanyň eýesi bolupdyrlar. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý-baýramlary-da gözellerimiziň ajaýyp lybaslary, dokan nepis halylary... bilen özboluşly görkanalyga eýe bolýar. Türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň ýaraşygy, biçüwi, reňki, dürli nagyşlar bilen bejerilişi, şaý-sepleriniň gelişdirip dakylyşy... sungat derejesine ýetirilenligi bilen kalbyňa mähir çaýýar. Ajaýyp zamanamyzda asyrlaryň dowamynda kämilligiň uly ýoluny geçen el işlerimiz, halylarymyz, milli lybaslarymyz dünýä derejesinde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen milli egin-eşikleriniň örän gadymy taryhynyň bardygyny Margianadan tapylan, biziň eýýamymyzdan öňki IV asyra degişli heýkeljikleriň ýüzündäki türkmen milli lybaslaryna meňzeş nagyşlar hem subut edýär. Çeper elli zenanlarymyz matalary-da özleri dokapdyrlar. Türkmenistanda ýokary hilli ýüpek matalary dokamak işi gadymy däplere eýedir. Şol matalar baryp antik we irki orta asyr döwürlerinde bütin Gündogarda uly şöhrata eýe bolupdyr. Parfiýa döwrüne degişli bolan Erkgaladan tapylan mata bölejikleri, şol sanda al

Çabyt biçüwi

Çabytlyk keteniden 1 metr 12 sm ölçegde dört parça kesip almaly-da, çabydyň arka tarapy üçin iki parçany dikligine gelşirip tikmeli, iki parça bolsa çabydyň öň tarapy bolar. Tikilen iki parça bilen beýleki iki parçany biri-birine gelşirip, gerşini tikmeli. Ýakanyň ýeňse giňligi 15 sm, ýakanyň aşaklygyna bagbendine çenli ýaka oýmasynyň uzynlygy 25 sm bolar. Ýeň, ýan üçin ölçelip alnan parçalar gyýlandan soň, ýeňiň uzynlygy 56 sm, omzunyň ikigatlygyna giňligi 27 sm, ýeňiň agzy ikigatlygyna 14 sm. Ýanyň ikigatlygyna etek tarapynyň ini 16 sm, ýanyň başy ikigatlygyna 9 sm. Ýanyň başyndan gyýma begeýik gyýyp, ýeňe gelşirip tikmeli. Begeýikbaşydan aşaklygyna 16 sm ýer goýup, 16 sm ölçegde jübi açmaly. Ýanlaryň ýartmaçlaryny 20 sm ölçegde açmaly.

Aşyk oýny

Maşgalada akja bäbek doglup, ol agy-garany saýgaryp başlandan onuň öňüne aşyk döküpdirler. Aşyk we aşyk oýny hakynda düşünje beripdirler. Şeýlelikde çaga aşyk oýnuny oýnap ulalypdyr. Aşyklaryň dört tarapy bolup, olaryň hersiniň ady özboluşly many aňladýar. Alçy — aşygyň at münen tarapy. Oýun oýnalanda, aşygyň alçy gopsa, şowlulyk hasaplanylýar. Towha — aşygyň alçydan beýleki eşek münen tarapy. Tükge — aşygyň pökgerip duran tarapy. «Tükge düşüp ýatmak» jümlesi hem halk durmuşynda giňden ulanylýar. Jikge — aşygyň çukurjykly, ýagny, tükgäniň ters tarapy.

Halk sungatyna siňen şekiller

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyndaky nagyşlaryň köpüsi tebigat bilen baglanyşyklydyr. Olaryň arasynda «goçak», «öküz oňurga», «tazy guýruk», «güjük yzy», «durna hatar» ýaly nagyşlarda gelin-gyzlar haýwanat dünýäsine mahsus aýratynlyklary şekillendiripdirler. Haly-palaslarda, el işlerinde giňden ulanylýan bu nagyşlaryň halkymyzyň irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan ruhy dünýäsinde tebigata bolan çuňňur söýgüsi şöhlelenýär. Biziň welaýatymyzyň gelin-gyzlarynyň döreden el işlerinde «dört goçak», «kelleli goçak», «goçanak», «goçbuýnuz», «goçgarşah» ýaly nagyşlar has köp ulanylýar. Lebaply agaç ussalarynyň oýmaçylyk usulynda ýasan önümlerinde we sandyklarynda hem «goçanak» nagşyna duş gelmek bolýar. Bu nagşyň gadymydygyna arheologik maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Gadymy galalardan tapylan tapyndylaryň arasynda şu haýwanlaryň şekilleri bar. Alym W.M. Massonyň bellemegine görä, dag goçy we geçisi gadymy türkmen topragynda ilkinji eldekileşdirilen jandarlaryň biri bolupdyr. Halk sungatynda dag goçunyň we geçisiniň tutýan orny, aňladýan manysy barada alymlar köp maglumatlary berýärler. Biziň ata-babalarymyz janly-jandarlaryň amaly-haşam sungatyndaky şekilleriniň öýe bereket we bolçulyk getirýändigine ynanypdyrlar.

Ýürek gözellikden iýmitlenýär

Söýgi ýüregiň üsti bilen ynama girýär. Adamkärçilikli hereket ýürege lezzet berýär.

Agaçdan ýasalan gurallar

Neçjarlaryň ýasaýan önümleri türkmen öýlerinde giňden ulanylýar. Ussalaryň aýtmaklaryna görä, daragtlar gyş paslynda uka gidenden, olaryň şire aýlanyşygy togtaýar. Ýanwaryň başyndan fewralyň ahyryna çenli kesilen agaçlar çeýe bolýar. Gowy hilli zähmet guralyny ýasamak üçin ulanylýan agajyň häsiýetini, ýaşyny, nähili ýerde ösenligini bilmeli. Meselem, 2-3 ýyl ýaşan söwüt agajyny işleseň, göwnejaý bolýar. Ýöne irki ýaşda kesilen agaçdan ýasalan gurallar tiz sandan çykýar. Suwly ýerde ösen söwüt — döwlegen, suwsuz ýerdäkiler — çeýe bolýar. Ussalar tut we erik agaçlarynyň dykyzlygynyň ýokary bolýandygy üçin ondan pyçaga sapy ýasaýan ekenler. Tygy demirden, gülbendi mis bilen bürünçden ýasalan pyçaklar, köplenç, janly kesilende ulanylýar. Ene-mamalarymyz gülbentli, hakyky ussanyň elinden çykan pyçakda kesilen etiň juda tagamly bolýandygyny aýdýarlar.

«Müň menzilden bir geçit»

«Gorkut ata» şadessanynda Däli Domrulyň köpri gurup, öten-geçenlerden paç alandygy beýan edilýär. Ata-babalarymyz köpri guran kişiniň uly sogap gazanýandygyny we alkyş eýesi bolýandygyny belläpdirler. Köprüler söwda-ykdysady, syýasy hem-de medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin gadymy döwürlerde we orta asyrlarda dürli maksatly köprüler bina edilipdir. Alyhan Awarskiý, Hafyz Abru, P.M.Lessar, W.W.Bartold ýaly taryhçy alymlar türkmenleriň guran köprüleri hakynda täsin maglumatlary ýazyp galdyrypdyrlar. Ýazuw çeşmelerine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlan köprülerden Isgender Zülkarneýniň goşunlary hem geçipdir. Bu köprüler medeni gatnaşyklaryň ösmegine, söwda gatnawyna ýardam edipdir.

Garagurt

Ata-babalarymyz her bir döwürde-de mal-gara eýeçilik gözi bilen seredipdirler. Şeýle-de hojalygyndaky düýedir sygyrlaryň, goýundyr geçileriň süýdünden ynsan saglygy üçin melhemlik ähmiýeti uly bolan azyk önümleriniň dürli görnüşlerini taýýarlapdyrlar. Mallaryň derisinden bolsa, hojalykda ulanmak üçin meşikler, tulumlar, ýanlyklar, sanaçlar we başga-da birnäçe esbaplary taýýarlapdyrlar. Maşgalada tygşytlylyk meselesine hemişe üns berip gelen pederlerimiz bu işde «Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan — toýa» diýen peder pähiminden ugur alypdyrlar. Süýt önümleriniň, iýmitleriniň biri bolan garagurt aýranyň içine buýanyň köki atylyp, gaýnadylyp taýýarlanylýar. Ýazlagy «bereket çeşmesi» diýip atlandyran çarwa pederlerimiz ýazlaga çykanlarynda mallary örüden gelende olary hökman sagmaly bolupdyr. Ter ýaz otlaryndan doýup gelen mallar, ýagny, düýe, sygyr bilen birlikde, goýundyr geçiler hem saglypdyr. Aslynda goýundyr geçini sagmak owlak-guzynyň saglygy üçin-de juda peýdaly bolupdyr. Sagylmaýan goýun-geçiniň owlak-guzusy süýdi köp emip otlamak bilen seri bolmaýar. Köp ýatyp, gowşak ösüp ýetişýär. Emma sagylýan goýun-geçiniň owlak-guzusy az-owlak süýt bilen hem oňňut edip, köp otlansoň, olar sagdyn, bolup ýetişipdir. Şeýle owlak-guzular güýz guzy seçilip, enesinden aýrylanda hem çydamly bolýar. Dogumly, süriniň yzyny eýerip bilýän mal kiçijik hem bolsa, oňa gurt, sakyrtga hem düşmeýär.

Ak atly

(esse) Bu illerde bihal söz ýok. «At — myrat» diýen pähimem şonuň ýaly. «At münmedik barmy?» diýjeksiňiz. «Ata-babalar at üstünde är çykypdyrlar» diýjeksiňiz. Dogrudyr. Oguz eýýamyndaky at toýnaklarynyň sesi henizem gelip duran ýaly. Gorkut eýýamynda kişňän bedewleriň sesi, göwnüňe bolmasa, şindi-şindem eşidiläýýäne meňzeş. Eýýamynda Gyratyny dabyradyp:

Döwletli türkmeniň köňül kelamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly miraslarymyz ylmy taýdan içgin öwrenilip, ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz edilýär. Sebäbi olar medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, dilimiziň özleşdirilip, ösdürilip kämilleşdirilmeginde baý çeşme bolup hyzmat edýär. Ýaşlarda döwlet we jemgyýetçilik garaýyşlaryny milli, ruhy gymmatlyklarynyň esasynda kemala getirmek meselesinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň milli ýörelgelerine çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň medeni, edebi we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmagyň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ata-babalarymyzyň ýörelge edinen, eýeren taglymatlaryny, öwütlerini gorap saklamak bilen birlikde, parahatçylyk, hoşniýetlilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer häsiýetler arkaly ählumumy ösüşe çagyrýar.

Wepadarlygyň beýik nusgasy

Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda itşynaslygy ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bu ulgamyň hem kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýagny, 2022-nji ýylyň  24-nji   iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň beýanydyr. Bu Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriniň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen bu ugurdaky hukuk binýadydyr.

Mertebesi älem içre aýlanýan

Gürrüň Magtymgula syryganynda, türkmen üçin mertebe sözüni nygtap oturmagyň zerurlygy ýok. Çünki Magtymgulynyň özi milli mertebäniň öwüşginlerine öwrülip gidipdir. Ol biziň gündelik durmuşymyzyň müdimilik hemrasy. Gyssanan ýerimizde pikirlerimiziň tutarygy. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynda pikirlerini Magtymguly akyldaryň goşgy setirleri bilen berkidýändiginiň özi hem bu iki şahsyýetiň ruhy ýakynlygynyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly ajaýyp romany hem mertebesi älem içre aýlanýan kämil şahsyýetleriň ruhy howalasynyň edebi çeper seýilgähidir. «Älem içre at gezer» atly ajaýyp romanyň süňňünde türkmen ruhly kämil şahsyýetleriň ruhy-da, mertebesi-de mynasyp derejede utgaşykly dabaralandyrylýar. Kitabyň ady dogrusynda käbir ýakymly ştrihlere ünsüňizi çekesim gelýär. Romanyň girişinde Arkadagly Serdarymyzyň atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň 8-nji maýynda ýazan «Bu kitap barada» atly gysgajyk ugrukdyryjy makalasy ýerleşdirilipdir. Bu ugrukdyryjy makalada Mälikguly aga oglunyň öz kakasy barada anyk maglumatlar esasynda ynandyryjy gürrüň berýän çeper eser ýazandygy baradaky ýürek buýsanjyny tolgundyryjy sözler bilen beýan edýär. 

Tymsallar

Iň port sowgat Bir oba paýhasly goja göçüp gelip, ol ýerde hemişelik ýaşamaga galypdyr. Ol çagalary söýüpdir we wagtynyň köpüsini olar bilen geçiripdir. Şeýle-de olara sowgat bermegi, onda-da port sowgatlary bermegi halapdyr. Çagalar näçe seresap bolsalar-da, täze oýnawaçlary, köplenç, döwlüpdir. Şol sebäpli olar ruhdan düşüpdirler, gözlerine ýaş aýlapdyrlar. Biraz wagtdan goja olara, öňküden-de has port oýnawaçlary sowgat beripdir. Bir gezek çagalaryň ene-atalary gojanyň ýanyna gelip:

Baş salmak däbi

Türkmen toýlary özüniň şowhunly şüweleňi bilen ençeme günläp dowam edýär. Türkmeniň ajaýyp toýlarynyň biri bolan gelin toýunda «baş salmak» dessury, toýuň ertesi gün gelne baş salynmagy bilen baglanyşyklydyr. Gelne «baş salmak» dessury öz gözbaşyny halkymyzyň ruhy ýörelgelerinden alyp gaýdýar. Baş salmak türkmen zenanynyň gyzlyk dünýäsi bilen gelinlik dünýäsiniň arasyndaky müdimilik araçäkdir. Bu däpde gelinleriň ýene bir ulugyzy öz hatarlaryna geçirjek boluşlary, gyzlaryň hem özleriniň birini gyzyl kürteli bolsa-da, gelinleriň hataryna aňsatlyk bilen bermejek bolýan, gyzlyk mertebesini derejeleýän göreşi başlanýar. Baş salmak däbi ýigidiň hossarlaryny, goňşy-golamlaryny ýygnap, kiçiräk toý görnüşinde bellenilýär. Ir säherden pişme bişirilip, palaw atarylýar. Täze gelni bir gyrada oturdyp, gyzlar onuň daşyny goramak üçin diwar ýaly bolup, «söweşe» taýýar bolup durýarlar. Ondan soň, garşydaş gelinler «hüjüme» başlaýarlar. Gelinleriň maksady gyzlaryň elinden gelni alyp, başyna gyňaç daňyp, öz hatarlaryna geçirmek, gyzlaryňky bolsa muňa ýol bermezlik. Şeýlelikde, gyzlar bilen gelinler güýç synanyşýarlar, göreş tutýarlar. Ahyrynda dogumly, ugurtapyjy gelinleriň biri hilegärlik bilen arkadan baryp, gelni gujaklap alýar. Täze gelniň kellesindäki gülli tahýasyny, şaýly gupbasyny aýryp, ony baldyzyna geýdirýärler. «Gelnimiz gazygynda garrasyn!» diýip, ilki bilen, oňa döwletli garry aýa

Kejebe

Arada gum içindäki garyndaşlarymyňka toýa gitdim. Gelin edinip, toýy uludan tutdular. Meni begendiren zat gelniň kejebe bilen getirilmegi boldy. Ata-babalarymyzdan miras galan, gelni kejebeläp getirmek däbiniň çarwa obalarynda häzir hem dowam edýändigine begendim. Owadan bezelen kejebäni, onuň töweregini gallaşyp, şatlyk-şowhuna besläp, milli toý lybaslary, älemgoşar kibi eşikleri geýnip gelýän ýaşlarymyzy görenimde halkymyzda milli medeni mirasymyza, asylly ýörelgelerimize sarpanyň uludygyna buýsandym. Kejebe — gelin alnanda, ony atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin düýäniň howudynyň üstünde jaýlaşykly oturar ýaly bezelip, gurnalýan ýörite çadyrdyr, has dogrusy, gelnalyjy, atbaşçy ulagydyr. Ir wagtlar kejebe ýasalanda nermaýany bezäpdirler. Nermaýa dürli nagyşly we pürçükli matalardan bezegler, onuň boýnuna, başyna gotazlar dakypdyrlar. Düýäniň üstünde gelin oturar ýaly ýörite kejebe gurap, düýebaşlyk asypdyrlar. Kejebe agaçdan dörtburç ýa-da ýarym tegelek şekilinde çadyr görnüşinde ýasalypdyr. Onuň üsti, üç gapdaly haly ýa-da ýüpek ýaglyk bilen örtülipdir. Gelin onuň içinde arkaýyn, ynjalykly oturar ýaly kejebäniň kiçijik kürsüli edip ýasalan görnüşleri-de bolupdyr. Şeýle-de kejebe gurmak üçin, ilkinji nobatda, mäkäm dokalan sep palasy ýa-da halyny uzboýuna dört epläp, içini giňişlik edip, ýürek şekilinde tegeläp goýupdyrlar. Oňa il arasynda «ýürek salmak» hem diýlipdir.