Döwletli türkmeniň köňül kelamy

15 Sentýabr 2022
681

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly miraslarymyz ylmy taýdan içgin öwrenilip, ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz edilýär. Sebäbi olar medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, dilimiziň özleşdirilip, ösdürilip kämilleşdirilmeginde baý çeşme bolup hyzmat edýär. Ýaşlarda döwlet we jemgyýetçilik garaýyşlaryny milli, ruhy gymmatlyklarynyň esasynda kemala getirmek meselesinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmen halkynyň milli ýörelgelerine çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň medeni, edebi we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmagyň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ata-babalarymyzyň ýörelge edinen, eýeren taglymatlaryny, öwütlerini gorap saklamak bilen birlikde, parahatçylyk, hoşniýetlilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer häsiýetler arkaly ählumumy ösüşe çagyrýar.

Berdimyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň okuw bölüminiň işgäri.