Agaçdan ýasalan gurallar

21 Sentýabr 2022
652

Neçjarlaryň ýasaýan önümleri türkmen öýlerinde giňden ulanylýar. Ussalaryň aýtmaklaryna görä, daragtlar gyş paslynda uka gidenden, olaryň şire aýlanyşygy togtaýar. Ýanwaryň başyndan fewralyň ahyryna çenli kesilen agaçlar çeýe bolýar. Gowy hilli zähmet guralyny ýasamak üçin ulanylýan agajyň häsiýetini, ýaşyny, nähili ýerde ösenligini bilmeli. Meselem, 2-3 ýyl ýaşan söwüt agajyny işleseň, göwnejaý bolýar. Ýöne irki ýaşda kesilen agaçdan ýasalan gurallar tiz sandan çykýar. Suwly ýerde ösen söwüt — döwlegen, suwsuz ýerdäkiler — çeýe bolýar.

Ussalar tut we erik agaçlarynyň dykyzlygynyň ýokary bolýandygy üçin ondan pyçaga sapy ýasaýan ekenler. Tygy demirden, gülbendi mis bilen bürünçden ýasalan pyçaklar, köplenç, janly kesilende ulanylýar. Ene-mamalarymyz gülbentli, hakyky ussanyň elinden çykan pyçakda kesilen etiň juda tagamly bolýandygyny aýdýarlar.

Aýlar RAHMEDOWA,
Halaç etrabynyň Seýdi geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.