Çabyt biçüwi

22 Sentýabr 2022
1153

Çabytlyk keteniden 1 metr 12 sm ölçegde dört parça kesip almaly-da, çabydyň arka tarapy üçin iki parçany dikligine gelşirip tikmeli, iki parça bolsa çabydyň öň tarapy bolar. Tikilen iki parça bilen beýleki iki parçany biri-birine gelşirip, gerşini tikmeli. Ýakanyň ýeňse giňligi 15 sm, ýakanyň aşaklygyna bagbendine çenli ýaka oýmasynyň uzynlygy 25 sm bolar. Ýeň, ýan üçin ölçelip alnan parçalar gyýlandan soň, ýeňiň uzynlygy 56 sm, omzunyň ikigatlygyna giňligi 27 sm, ýeňiň agzy ikigatlygyna 14 sm. Ýanyň ikigatlygyna etek tarapynyň ini 16 sm, ýanyň başy ikigatlygyna 9 sm.

Ýanyň başyndan gyýma begeýik gyýyp, ýeňe gelşirip tikmeli. Begeýikbaşydan aşaklygyna
16 sm ýer goýup, 16 sm ölçegde jübi açmaly. Ýanlaryň ýartmaçlaryny 20 sm ölçegde açmaly.

Taýýarlan Ogulbaýram KULYÝEWA,
mirasgär.