Garagurt

20 Sentýabr 2022
738

Ata-babalarymyz her bir döwürde-de mal-gara eýeçilik gözi bilen seredipdirler. Şeýle-de hojalygyndaky düýedir sygyrlaryň, goýundyr geçileriň süýdünden ynsan saglygy üçin melhemlik ähmiýeti uly bolan azyk önümleriniň dürli görnüşlerini taýýarlapdyrlar. Mallaryň derisinden bolsa, hojalykda ulanmak üçin meşikler, tulumlar, ýanlyklar, sanaçlar we başga-da birnäçe esbaplary taýýarlapdyrlar. Maşgalada tygşytlylyk meselesine hemişe üns berip gelen pederlerimiz bu işde «Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan — toýa» diýen peder pähiminden ugur alypdyrlar.

Süýt önümleriniň, iýmitleriniň biri bolan garagurt aýranyň içine buýanyň köki atylyp, gaýnadylyp taýýarlanylýar. Ýazlagy «bereket çeşmesi» diýip atlandyran çarwa pederlerimiz ýazlaga çykanlarynda mallary örüden gelende olary hökman sagmaly bolupdyr. Ter ýaz otlaryndan doýup gelen mallar, ýagny, düýe, sygyr bilen birlikde, goýundyr geçiler hem saglypdyr. Aslynda goýundyr geçini sagmak owlak-guzynyň saglygy üçin-de juda peýdaly bolupdyr. Sagylmaýan goýun-geçiniň owlak-guzusy süýdi köp emip otlamak bilen seri bolmaýar. Köp ýatyp, gowşak ösüp ýetişýär. Emma sagylýan goýun-geçiniň owlak-guzusy az-owlak süýt bilen hem oňňut edip, köp otlansoň, olar sagdyn, bolup ýetişipdir. Şeýle owlak-guzular güýz guzy seçilip, enesinden aýrylanda hem çydamly bolýar. Dogumly, süriniň yzyny eýerip bilýän mal kiçijik hem bolsa, oňa gurt, sakyrtga hem düşmeýär.

Ogulnar JUMAKULYÝEWA,
Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň lukmany.