Kejebe

13 Sentýabr 2022
824

Arada gum içindäki garyndaşlarymyňka toýa gitdim. Gelin edinip, toýy uludan tutdular. Meni begendiren zat gelniň kejebe bilen getirilmegi boldy. Ata-babalarymyzdan miras galan, gelni kejebeläp getirmek däbiniň çarwa obalarynda häzir hem dowam edýändigine begendim. Owadan bezelen kejebäni, onuň töweregini gallaşyp, şatlyk-şowhuna besläp, milli toý lybaslary, älemgoşar kibi eşikleri geýnip gelýän ýaşlarymyzy görenimde halkymyzda milli medeni mirasymyza, asylly ýörelgelerimize sarpanyň uludygyna buýsandym.

Kejebe — gelin alnanda, ony atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin düýäniň howudynyň üstünde jaýlaşykly oturar ýaly bezelip, gurnalýan ýörite çadyrdyr, has dogrusy, gelnalyjy, atbaşçy ulagydyr. Ir wagtlar kejebe ýasalanda nermaýany bezäpdirler. Nermaýa dürli nagyşly we pürçükli matalardan bezegler, onuň boýnuna, başyna gotazlar dakypdyrlar. Düýäniň üstünde gelin oturar ýaly ýörite kejebe gurap, düýebaşlyk asypdyrlar. Kejebe agaçdan dörtburç ýa-da ýarym tegelek şekilinde çadyr görnüşinde ýasalypdyr. Onuň üsti, üç gapdaly haly ýa-da ýüpek ýaglyk bilen örtülipdir. Gelin onuň içinde arkaýyn, ynjalykly oturar ýaly kejebäniň kiçijik kürsüli edip ýasalan görnüşleri-de bolupdyr. Şeýle-de kejebe gurmak üçin, ilkinji nobatda, mäkäm dokalan sep palasy ýa-da halyny uzboýuna dört epläp, içini giňişlik edip, ýürek şekilinde tegeläp goýupdyrlar. Oňa il arasynda «ýürek salmak» hem diýlipdir. Ol öň tarapyndan hataba, yz tarapyndan bolsa howuda, ikiýan gyrasyndan-da ýüküň baglaryna berkidilipdir.

Ejegül KULAMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň işgäri.