Tymsallar

14 Sentýabr 2022
565

Iň port sowgat

Bir oba paýhasly goja göçüp gelip, ol ýerde hemişelik ýaşamaga galypdyr. Ol çagalary söýüpdir we wagtynyň köpüsini olar bilen geçiripdir. Şeýle-de olara sowgat bermegi, onda-da port sowgatlary bermegi halapdyr. Çagalar näçe seresap bolsalar-da, täze oýnawaçlary, köplenç, döwlüpdir. Şol sebäpli olar ruhdan düşüpdirler, gözlerine ýaş aýlapdyrlar. Biraz wagtdan goja olara, öňküden-de has port oýnawaçlary sowgat beripdir. Bir gezek çagalaryň ene-atalary gojanyň ýanyna gelip: