Wepadarlygyň beýik nusgasy

15 Sentýabr 2022
587

Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda itşynaslygy ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bu ulgamyň hem kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýagny, 2022-nji ýylyň  24-nji   iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň beýanydyr. Bu Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriniň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen bu ugurdaky hukuk binýadydyr.

Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.