Mertebesi älem içre aýlanýan

15 Sentýabr 2022
843

Gürrüň Magtymgula syryganynda, türkmen üçin mertebe sözüni nygtap oturmagyň zerurlygy ýok. Çünki Magtymgulynyň özi milli mertebäniň öwüşginlerine öwrülip gidipdir. Ol biziň gündelik durmuşymyzyň müdimilik hemrasy. Gyssanan ýerimizde pikirlerimiziň tutarygy. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynda pikirlerini Magtymguly akyldaryň goşgy setirleri bilen berkidýändiginiň özi hem bu iki şahsyýetiň ruhy ýakynlygynyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly ajaýyp romany hem mertebesi älem içre aýlanýan kämil şahsyýetleriň ruhy howalasynyň edebi çeper seýilgähidir.

«Älem içre at gezer» atly ajaýyp romanyň süňňünde türkmen ruhly kämil şahsyýetleriň ruhy-da, mertebesi-de mynasyp derejede utgaşykly dabaralandyrylýar. Kitabyň ady dogrusynda käbir ýakymly ştrihlere ünsüňizi çekesim gelýär. Romanyň girişinde Arkadagly Serdarymyzyň atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň 8-nji maýynda ýazan «Bu kitap barada» atly gysgajyk ugrukdyryjy makalasy ýerleşdirilipdir. Bu ugrukdyryjy makalada Mälikguly aga oglunyň öz kakasy barada anyk maglumatlar esasynda ynandyryjy gürrüň berýän çeper eser ýazandygy baradaky ýürek buýsanjyny tolgundyryjy sözler bilen beýan edýär. 

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».