Ahalteke bedewi - şöh­rat­ly ta­ry­hyň şan­ly mi­ra­sy

28 Sentýabr 2022
840

Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda türkmen halky dünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşupdyr. Olardan iň naýbaşylarynyň biri ady rowaýata öwrülen türkmen bedewi hasaplanýar. Bedew türkmen üçin şatlygyny, gam-gussasyny çekişýän dost, söweşlerde egin-egne beren arkadaýanç hasaplanýar. Nesilbaşymyz Oguz han döwründen aslyny alyp gaýdýan bedewlerimiz gadyr-gymmatyny saklap, adyny äleme ýaýypdyr. Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda berkarar döwletler guran ata-babalarymyzyň Watanyň çägine ýowuz duşman aralaşsa, kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan türkmen bedewiniň ýyndamlykda, owadanlykda, kuwwatlylykda, uzak ýörişlere çydamlylykda müňlerçe ýyllaryň dowamynda deňi-taýy bolmandyr.

Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda bedewe ynsan durmuşynda aýratyn ornuň degişlidigini äşgär edýän köp sanly maglumatlar bar. Müňýyllyklaryň jümmüşinden biziň döwrümize gelip ýeten gadymy türkmen teňňeleri, atlaryň we çapyksuwarlaryň şekilleri, olaryň ajaýyp sazlaşygyny beýan edýän senetçilik önümleri munuň aýdyň subutnamalarydyr. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynda bedewiň waspy, onuň şöhraty has-da giňden beýan edilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungatynda seýisçilik ýörite bir hünär hökmünde görülýär. Eserde Göroglynyň wepaly dosty Gyratyna bolan hormat-sarpa ýugrulan gatnaşygynyň beýany eriş-argaç bolup geçýär. Köp sanly nusgawy şahyrlar belent ruha beslenen eserlerini, suratkeşler ajaýyp suratlaryny, heýkeltaraşlar heýkellerini, zergärler nepis şaý-seplerini behişdi bedewlere bagyşlapdyrlar.

Da­ýanç AN­NA­DUR­DY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri.