Halk sungatyna siňen şekiller

21 Sentýabr 2022
730

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyndaky nagyşlaryň köpüsi tebigat bilen baglanyşyklydyr. Olaryň arasynda «goçak», «öküz oňurga», «tazy guýruk», «güjük yzy», «durna hatar» ýaly nagyşlarda gelin-gyzlar haýwanat dünýäsine mahsus aýratynlyklary şekillendiripdirler. Haly-palaslarda, el işlerinde giňden ulanylýan bu nagyşlaryň halkymyzyň irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan ruhy dünýäsinde tebigata bolan çuňňur söýgüsi şöhlelenýär.

Biziň welaýatymyzyň gelin-gyzlarynyň döreden el işlerinde «dört goçak», «kelleli goçak», «goçanak», «goçbuýnuz», «goçgarşah» ýaly nagyşlar has köp ulanylýar. Lebaply agaç ussalarynyň oýmaçylyk usulynda ýasan önümlerinde we sandyklarynda hem «goçanak» nagşyna duş gelmek bolýar. Bu nagşyň gadymydygyna arheologik maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Gadymy galalardan tapylan tapyndylaryň arasynda şu haýwanlaryň şekilleri bar. Alym W.M. Massonyň bellemegine görä, dag goçy we geçisi gadymy türkmen topragynda ilkinji eldekileşdirilen jandarlaryň biri bolupdyr. Halk sungatynda dag goçunyň we geçisiniň tutýan orny, aňladýan manysy barada alymlar köp maglumatlary berýärler. Biziň ata-babalarymyz janly-jandarlaryň amaly-haşam sungatyndaky şekilleriniň öýe bereket we bolçulyk getirýändigine ynanypdyrlar.

Elnara ABDYLLAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.