«Müň menzilden bir geçit»

21 Sentýabr 2022
664

«Gorkut ata» şadessanynda Däli Domrulyň köpri gurup, öten-geçenlerden paç alandygy beýan edilýär. Ata-babalarymyz köpri guran kişiniň uly sogap gazanýandygyny we alkyş eýesi bolýandygyny belläpdirler. Köprüler söwda-ykdysady, syýasy hem-de medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin gadymy döwürlerde we orta asyrlarda dürli maksatly köprüler bina edilipdir.

Alyhan Awarskiý, Hafyz Abru, P.M.Lessar, W.W.Bartold ýaly taryhçy alymlar türkmenleriň guran köprüleri hakynda täsin maglumatlary ýazyp galdyrypdyrlar. Ýazuw çeşmelerine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlan köprülerden Isgender Zülkarneýniň goşunlary hem geçipdir. Bu köprüler medeni gatnaşyklaryň ösmegine, söwda gatnawyna ýardam edipdir.

Senemjan KADYROWA,
Farap etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.