Garaşsyzlyk mirashanalary

22 Sentýabr 2022
699

Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyza aýratyn üns bermegi netijesinde Garaşsyz ýurdumyzyň muzeýleriniň täze binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine giň ýol açdy. Bu günki gün Arkadagly Serdarymyz milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagynyň wajyplygyna uly ähmiýet berýär.

1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň ozalky Taryh we etnografiýa muzeýi we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi birleşdirilip, Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi. 2009-njy ýylyň 14-nji maýyndan ol Türkmenistanyň Baş milli muzeýi ady bilen hereket edip başlady. Şol ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň, 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň binalarynyň dabaraly açylyşy boldy.

Annameret AMANAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.