Aşyk oýny

21 Sentýabr 2022
1082

Maşgalada akja bäbek doglup, ol agy-garany saýgaryp başlandan onuň öňüne aşyk döküpdirler. Aşyk we aşyk oýny hakynda düşünje beripdirler. Şeýlelikde çaga aşyk oýnuny oýnap ulalypdyr. Aşyklaryň dört tarapy bolup, olaryň hersiniň ady özboluşly many aňladýar.

Alçy — aşygyň at münen tarapy. Oýun oýnalanda, aşygyň alçy gopsa, şowlulyk hasaplanylýar. Towha — aşygyň alçydan beýleki eşek münen tarapy. Tükge — aşygyň pökgerip duran tarapy. «Tükge düşüp ýatmak» jümlesi hem halk durmuşynda giňden ulanylýar. Jikge — aşygyň çukurjykly, ýagny, tükgäniň ters tarapy.