Gözelleriň döredýän gözelligi

22 Sentýabr 2022
974

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň wasp edişi ýaly, «al-ýaşyl bürenip çykýan» türkmen perileriniň lybaslary sungat derejesine ýetirilen nepisligi bilen hemişe-de göreni haýran edipdir. Ol gözellik şahyrlaryň şygyrlaryna, bagşylaryň aýdymlaryna siňip, belentden wasp edilipdir. Çeper elli gözeller bolsa ökde suratkeş kimin, sylag-sarpanyň eýesi bolupdyrlar. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý-baýramlary-da gözellerimiziň ajaýyp lybaslary, dokan nepis halylary... bilen özboluşly görkanalyga eýe bolýar. Türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň ýaraşygy, biçüwi, reňki, dürli nagyşlar bilen bejerilişi, şaý-sepleriniň gelişdirip dakylyşy... sungat derejesine ýetirilenligi bilen kalbyňa mähir çaýýar. Ajaýyp zamanamyzda asyrlaryň dowamynda kämilligiň uly ýoluny geçen el işlerimiz, halylarymyz, milli lybaslarymyz dünýä derejesinde uly gyzyklanma döredýär.

Türkmen milli egin-eşikleriniň örän gadymy taryhynyň bardygyny Margianadan tapylan, biziň eýýamymyzdan öňki IV asyra degişli heýkeljikleriň ýüzündäki türkmen milli lybaslaryna meňzeş nagyşlar hem subut edýär. Çeper elli zenanlarymyz matalary-da özleri dokapdyrlar. Türkmenistanda ýokary hilli ýüpek matalary dokamak işi gadymy däplere eýedir. Şol matalar baryp antik we irki orta asyr döwürlerinde bütin Gündogarda uly şöhrata eýe bolupdyr. Parfiýa döwrüne degişli bolan Erkgaladan tapylan mata bölejikleri, şol sanda al-elwan reňkdäki ýüpek we pagta süýüminden dokalan matalaryň bölekleri muňa şaýatlyk edýär.

Gülsenem MEREDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.