"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Depbe — ýag küýzesi

Ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri häzirki wagtda mirashana gymmatlyklaryna öwrülen küýzeleriň dürli görnüşlerini ulanyp gelipdirler. Olar türkmeniň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasyna süri-süri mallary bilen ýazlaga çykar ekenler. Ýazlag döwründe goýundyr-geçi süýdünden taýýarlan ýaglary küýzelere guýup, agzyny bekläp, birnäçe metr çuňlukda çägä gömüp goýupdyrlar. Çägäniň astynda duran küýzelerdäki ýag arassa saklanypdyr. Depbe, golça ýaly ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gündelik durmuşynda ulanyp gelen küýzeleri dürli ululykda ýasalyp, olar diňe bir ýag däl-de, eýsem, gowurma, toşap ýaly önümleri saklamak üçin-de ulanylypdyr. Golçalaryň agzy giň, boýy pesräk bolansoň, olar ulanmaga has-da amatly bolupdyr. Şonuň üçin-de ir döwürde maşgalada hojalyk gaby bolup hyzmat eden golçalarda pederlerimiz duz hem saklapdyrlar. Ene-mamalarymyz ýazlag günleri taýýarlan saryýaglaryny golçalara guýup, daşyny suwap, bokurdagyna çenli ýere gömüp saklapdyrlar.

Keşdeçilik sungaty – köňüllere nagyş salýar

Türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren el işleriniň arasynda keşdeçilik iň kyn, şol bir wagtda iň inçe, nepis iş hasaplanylýar. Muňa garamazdan, ene-mamalarymyz gadym döwürler sap ýüpek ýüplükleri gyl ýaly, inçeden egrip, dürli tebigy reňklere boýap, keşde iňňesine sapyp, köýnekleriniň ýakalaryny, ýeňlerini, donlaryny, çabytlaryny, kürtelerini dürli nagyşlar bilen keşdeläpdirler. Şol keşdelerde tebigatyň gözellikleri aýratyn orny eýeläpdir. Uly zähmeti, ünslüligi, ýatkeşligi, erjelligi talap edýän keşdeçilik işi türkmen zenanlarynyň iňňe bilen döreden ajaýyp eserleridir diýsek öte geçmeris. Haýsydyr bir hysyrdyly, nepis iş edilende, halk arasynda «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýlen aýtgynyň aýdylmagy hem hut keşdeçilik sungaty bilen baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň milli sungatymyza, senedimize goýýan çäksiz sarpasy esasynda enelerimizden miras galan çeper el işleri döwrebap dowam etdirilýär. Halkara festiwallarynda, sergilerinde sergilenilýän, zenanlarymyzyň sülük barmaklarynyň astyndan çykýan nepis keşdeleriň, nagyşlaryň özboluşly gözelligi olary synlaýan her bir ynsanda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şeýlelikde, milli sungatymyz dünýä ýaýylýar. Munuň şeýledigine «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 2-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly ge

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinden gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Ol şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny bu gurama tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini belläp, döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de mejlise gatnaşyjylara, ähli ildeşlerimize ýüzlenip, mähriban halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Keşde çeken elleriňe döneýin!

«Hoş habaryň ganaty bar» diýleni. «Türkmen keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky hoş habar ähli adamlar bilen birlikde, biz — zenanlaryň hem göwün guşuny Göge uçurdy. Çünki el işleri bilen meşgullanýan zenan üçin keşde çekmek inçeden iň bir lezzetli hünärleriň biri bolup, oňa zenanyň ýüreginiň söýgüsi, zehini, höwesi, yhlasy siňýär. Çünki «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýlip baha berilýän keşde çekmek sungaty sünnäligi, sabyrlylygy, irginsizligi... talap edýär. Oý-hyýallara berlip, arasynda-da hiňlenip keşde çekip oturan gelin-gyzlara gözüň düşende dünýäňi ýakymly duýgular gurşap alýar. Göz öňüňde döräp barýan gözellik seni maýyl edip, täsinlikler dünýäsine alyp gidýär. Eli çeper zenanlarymyz ähli döwürde-de keşde çekmek bilen meşgullanypdyrlar. Gündiz öý işleri bilen gümra bolan bolsalar, gijelerine ýagly pelteli çyralaryň ýagtysyna keşde çekip, gaýma gaýapdyrlar. Edil şu günki günlerde hem şol döwürlerdäki ýaly, aýagyna sallançagyň bagyny ildirip, keşde çekip oturan zenanlara gözüň düşende olary iň bagtyýar zenanlar hasaplaýarsyň. Ol ajaýyp görnüş sungat eserlerine siňip, ýüreklerde ýakymly ýatlamalary oýarýar. Ýadyňyza düşýän bolsa, «Aýgytly ädim» kinofilmindäki Aýnanyň keşbinde-de şeýle pursatlary synlamak bolýar. Sallançak, el keşde, hüwdi. Olar bir-biri bilen sazlaşyp, zenanyň durmuşyna özboluşly gözellik çaýý

Kejebesi keşdeli (Mizemez miras)

Bu waka geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda bolup geçipdi. Ol pursatlar ýadyma düşende, geçip giden ýyllaryň süýji ýatlamalarynyň goýnunda gulaçlaýaryn. Ýyllar näçe uzaklaşsa-da, barha şol süýji günlere golaýlaşýaryn. Dogduk depäm, bu dünýäde meniň üçin iň mähriban adamlar hakyndaky süýji ýatlamalary aňymda aýlap oturyşyma, Tumar gelnejemli ýaşan döwürlerimize bir pursatlyk dolanasym gelýär. Syrdamdan uzyn boýly, saryýagyzdan merdemsi keşpli gelnejemiň, bir seretseň, ýylgyryp, birdenem, geplemän gamgyn dymyp oturmasy bir zatlary ýadyňa salýan ýaly bolýar. Onuň el işleriniň hemme görnüşlerinden başy çykýardy. Gapdalynda hemişe ik, ikbaşy, ýüň, dokma sapaklary bolardy. Güýz pasly gelende, erkek adamlar üçin agarçäkmen, türkmen halkynyň mukaddesligi hasaplanýan düýeýüň saçak dokardy. Ol ilki şol ýüňi küýzäniň içine salyp, agzyny demirgazyga bakdyryp goýýardy. Meniň sowallaryma: «Demirgazykdan gelýän şemal çygly bolýar, ýüňe gowy siňýär, onsoň düýe malynyň ýüňüni islegiňçe inçejik egrip bolýar» diýerdi. Ýüňi ýüpek ýaly ederdi, eden işi inçedi. «Eden işi nusgalyk» diýilýän zenandy.

“El hünäri – il gezer”

Eneleriň edebinden, mährinden geçmişimiz, geljegimiz, ömrümiz şuglalydyr. Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň dowamat-dowam bolmagyna eneleriň goşan goşantlary ägirt uludyr. Eneler öz kalbynyň owadanlygyny keşdeleriň üsti bilen beýan etmek arkaly ruhy gözelligi hem döredijilerdir. Gelin-gyzlar bolsa milli hünärmentçiligimizi dowam etdirijilerdir. Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan inçe we nepis keşdelenen el işleri zenanlaryň zehininden dörän ýürek owazlarydyr. Keşde çekmek - gelin-gyzlarymyzyň arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän sungat. Halk arasynda «El hünäri il gezer» diýilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän el hünäri nesillere ýetirilip, aýal-gyzlaryň çeper ellerinden çykan işleri döwrebap keşdelerde, ýakalarda, dürli biçüwlerde täze-täze nusgalar bilen baýlaşdyrylýar. Keşdeçilik türkmen halk sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ol türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Gözellige maýyl bolan we şol gözelliklerden sungat eserini döreden ene-mamalarymyz bu sungaty nesilden-nesle geçirip, biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetmegini gazanypdyrlar. Olar dürli nagyşlary döredip, olaryň sazlaşykly bolmagyna üns beripdirler. Keşde çekmek üçin ýüpekleri ýüpek gurçugynyň pilesinden alypdyrlar. Pileden alnan süýümleri bolsa, sary, gyzyl, gara, goňur reňklere boýapdyrlar.

Mil­li mi­ras — ru­hy baý­ly­gy­my­zyň çeş­me­si

Türk­me­nis­tan me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de me­de­ni çä­re­ler, yl­my mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Şo­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz öza­ra dü­şü­niş­mek we yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­k hem-de me­de­ni­ýet­le­riň köp­dür­lü­li­gi­ne hor­mat goý­mak bi­len, hal­ka­ra de­re­je­sin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy gol­da­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň dü­züm bir­lik­le­ri bi­len bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lan Türk­me­nis­tan 1993-nji ýyl­dan bä­ri bu gu­ra­ma bi­len iş­jeň gat­na­şyk sak­lap gel­ýär. Hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, ýa­dy­gär­lik­le­ri, te­bi­ga­tyň, ýa­şaý­şyň gö­zel­lik­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ýur­du­myz hal­kyň me­de­ni we ru­hy baý­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek­de, go­ra­mak­da we dün­ýä ýaý­mak­da, ýaş ne­sil­le­riň me­de­ni mi­ra­sa hor­mat goý­mak duý­gu­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­mek­de uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

«Gü­lüň owa­dan»

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halkynyň beýik medeniýeti, ajaýyp sungaty bar. Taryha ser salanymyzda milletimiziň el hünäri müňýyllyklaryň dowamynda gaýtalanmajak gözellik hökmünde ykrar edilip gelinýär. Çünki türkmen inçe egrip, syk dokamagy başarýan ussat halkdyr. Muny biz ene-mamalarymyzyň galdyran mirasyndan hem bilýäris. Halkymyzyň arasynda «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, gujur-gaýratly gelin-gyzlaryň azabyndan, yhlasyndan dörän halydyr palasy, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, sypaýy matasydyr sünnälenip keşdelenen çyrpylardyr kürteler uly bir sungat derejesindäki milli gymmatlyklarymyzdyr. Şolaryň biri-de milli özboluşlylygyny, aýratynlygyny saklap, ýokary kämillik derejesine ýetirilen türkmeniň keçe sungatydyr. Žurnalymyzyň şu sanynda gadymyýetden biziň günlerimize gelip ýeten türkmeniň gülli keçesi barada söhbet etmegi makul bildik.  Türkmeniň amaly-haşam sungaty. Ol başy asmana uzap duran daragt mysaly. Ol daragtyň islendik şahasyna diň salyp, onuň geçmişi, şu güni hakda oýlananyňda, seniň kalbyňy müň bir dürli öwüşginiň gaplap almasy ýöne ýerden däl. Çünki dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halylarydyr haly önümleriniň şöhraty ençeme asyrlap älemi baglap gelipdir. Türkmeniň ruhy dünýäsi inçelik bilen şöhlelendirilýän bu zynatda milletiň beýik taryhy, gaýtalanmajak kämilligi, egsilmez buýsanjy bar. Ussat zenanlar halydyr

Köpugurly gadymy sungat

Türkmen epiki eserleri asyrlaryň dowamynda döredilip, onda halkyň esasy durmuş pursatlary şöhlelendirilipdir. Halk il-gününi, Watany ýowuz duşmandan gorap, söweşlerde taýsyz edermenlik görkezen gahrymanlaryna bagyşlap rowaýatlar, kyssalar döredipdir. Wagtyň geçmegi bilen olaryň üsti ýetirilip, taraşlanyp, halk eposlaryna, dessanlaryna öwrülip gidipdir. Aýdym türkmen dessançylyk sungatynyň özenidir. Gadymy eposyň ýordum hereketleri kyssa bölümlerinde beýan edilýän bolsa, aýdym-sazyň üsti bilen gahrymanlaryň içki duýgulary ýüze çykarylýar. «Gorkut ata», «Görogly» ýaly gahrymançylykly eposlar türkmeniň milli guwanjy bolmak bilen, ýaşlarda watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, myhmanparazlyk, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.

Damananyň Mämmet bagşysy

«Al, Senemi» aýdanda Täzelenýär bu dünýäniň howasy,Mämmet bagşy «Al, Senemi» aýdanda.Kalba kürsäp urýar yşkyň owazy,Mämmet bagşy «Al, Senemi» aýdanda.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Palta bagşy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynyň ylmy işgärleri Oraz Uzakowyň maşgala ojagynda myhmançylykda. Aşgabat şäheri, 1957-nji ýylyň 17-nji dekabry.

Halypalaryň durmuşyndan

1995-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti Ata Ablyýewlere bardym. Şonda halypa gyjakçy ýomut-gökleň ýolunyň ussady Çowdur bagşynyň belent adamkärçiligi, pespälligi barada halypamyz Pürli Saryýewden eşiden gürrüňlerini aýdyp berdi. Günlerde bir gün Çowdur bagşy bilen Hanmämmet gyjakçy häzirki Magtymguly etrabyndan toýa diýip gaýdýarlar. Ol wagtlar näme, ýeňil ulag ýok, at bar, ýaby bar, hersi bir ata atlanyp ýola düşýärler. Ýolda Çowdur howa yssy bolansoň, Hanmämmet gyjakça: «Han jan, heý, ýürek sowadar ýaly ekin beýleki görnenokmy?» diýýär. Onda gyjakçy: «Ho-ol ýerde bir küme görünýär welin, içinde gymyldy bar ýaly» diýýär. Barsalar, ine, giden ekinlik, gawun-garpyz bol ekilipdir. Kümäniň içinden sakçysy çykyp, saglyk-amanlyk soraşýarlar. Öýe girip, myhmanlaryň hezzetini ýetirýär. Gawun-garpyz bilen teşneligini gandyrýarlar. Çaý-nahardan soň sakçy olaryň dutar-gyjagyny görüp: «Agalar, siz-ä bagşy ekeniňiz. Biz-ä daýhançylyk bilen toýa-tomga-da gatnaşyp bilemzok» diýýär. Sakçynyň «Aýdym aýdyp beriň» diýmese-de, aýdyma teşneligini duýan bagşy: «Inim, seniň paýyň aýrydyr. Hany, Han jan, al gyjagyňy» diýip, şol ýerde bäş-on aýdym aýdyp, sakçynyň göwnüni galkyndyrýarlar.

Sazyň hem ömrüň sazlaşygy

«Merwde ýazan saz eserlerimiň köpüsini men bary-ýogy 28 ýaşly dutarçy Bekmyrat Hallyýewden ýazyp aldym. Bekmyrat saz çalmaga iňňän ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ol diňlän sazyny çakganlyk bilen tutup alyp bilýär we ajaýyp ýerine ýetirijilik ukyby bar» diýip, belli sazşynas Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý «Türkmen sazy» atly kitabynda ýazýar. «Görülmedik illerden, eşidilmedik gep çykar» diýlişi ýaly, öňräk maňa şeýle pursata gabat gelmek miýesser boldy. Şol gün Mary şäherini goltuklap oturan Mülkbagşy obasynda ýaşuly mugallym Nurmyrat aga we Bekmyrat dutarçynyň şägirdi Berdimyrat Allaberdiýew bilen ilkinji tanyşlygym boldy. Soň bir gün bolsa Berdimyrat agalara halypasy hakda gürrüň bermegini sorap ýörite bardym. Ol özara söhbetdeşlikde halypasy, ussat sazanda-dutarçy Bekmyrat Hallyýew hakda gyzykly gürrüňleri aýdyp berdi.

Ylmy Magtymguly äkitdi

(Rowaýat) Beýik şahyr Magtymguly hakyndaAýdylýar ýüzlerçe rowaýat, dessan.Okadykça rahatlanýar kalbymyzSaplanyşy deýin derdinden hassaň.

Milli senedimiz — müdimi mirasymyz

Türkmenler gadymy halk bolmak bilen, taryhda ösen medeniýete, baý mirasa eýe bolupdyrlar. Bilşimiz ýaly, Jeýhunyň ýakasynda ýerleşýän Amul şäheri hem geçmişde senetçiligiň ösen merkezleriniň biri hasaplanylypdyr. Amully demirçi ussalaryň ýasan iş gurallary dünýä bazarlarynda geçginli harytlar hökmünde ykrar edilipdir. Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem anyk maglumatlar esasynda durlup geçilýär. Biz şu makalamyzda hojalykda giňden ulanylýan pyçaklaryň ýasalyş usullary we olaryň görnüşleri barada söhbet etmegi makul bildik. Pyçaklar has gadymy gurallaryň biri hasaplanylýar. Daş asyry döwründen galan daş pyçaklaryň, takmynan, kyrk müň ýyl mundan ozal ýasalandygyny arheologlar gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine esaslanmak bilen subut edýärler. 5 müň ýyl mundan ozal misden edilen pyçaklar ilkinji gezek metaldan ýasalan gurallar bolupdyr. Pyçak «tyg», «ýaglaw» we «sap» diýlip atlandyrylýan böleklerden emele gelendir. Pyçagyň tygy bir ýüzi inçelip gidýän ýiti, kesiji tarapy bolmak bilen, ol sapa birleşip gidýär. Pyçagyň ýüzi tygyň kesýän ýiti tarapydyr. Pyçaklaryň ýüzi gaýdanda ýa-da kütelende, çalgy daşyna çalmak ýa-da gyzdyryp ýençmek arkaly ýiteldilýär. Pyçagyň ýüzüne «Ýalman» hem diýlipdir. Pyçagyň arkasy onuň ýüzüniň garşysyndaky galyň, arka tarapdyr. Onuň arka tarapy tekiz ýa-da owadanlyk üçin eşekarka görnüşi

Nusgalyk eser

Watanymyzyň Baýdagynyň belentden pasyrdap durşy ýaly, nesillere berilýän milli terbiýedäki watansöýüjilik hem belent ruha beslenmelidir. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýär. Şunuň ýaly ýokary ruhubelentlik bilen aýdylan pikirler şu ajaýyp döwrümiziň şygaryna, nesil terbiýesinde bolsa watançylyk duýgularynyň kämilleşmegine esas bolýan ýörelgä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän kitaplarynda watansöýüjiligiň, milli terbiýäniň belent nusgalary jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby giň okyjylar köpçüliginiň ýankitabyna öwrülen gymmatly çeşmeleriň biridir. Bu neşir nesilleri milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Sümmen başgaby

Milli lybaslarymyzyň arasynda çaga egin-eşikleridir başgaplary özüniň köpdürlüligi hem-de owadanlygy bilen tapawutlanýar. Bu geýimler niýetlenişine, geýlişine hem-de görnüşine görä dürli-dürli atlandyrylypdyr. Çagalaryň başgaplarynyň birine sümmen diýilýär. Sümmen keteni, gyrmyzy donluk matalardan gurnalyp tikilýär. Sümmen tahýadan, börükden tapawutlylykda, depe bilen etekden durman, uçlary inçelip ýokarlygyna uzap, depede birikýän başgapdyr. Sümmen aşakdan ýokary çyrmaşyp gidýän daragt nagşy bilen bezelýär. Onuň etegine gülýaýdy, tegbent nagyşlary salynýar. Bu başgap çaganyň gaşyna çenli sümürilip geýdirilensoň, «sümmen» diýlip, atlandyrylýar. Ol, esasan hem, ýedi çilesinden çykan bäbejige geýdirilýär. Şoňa görä-de, oňa başgaça «çile topbusy-da» diýilýär. Sümmen beýleki çaga başgaplara garanyňda çuňňurjadyr. Bu aýratynlygyň entek süňňi bekemedik bäbejigiň maňlaýynyň tüňňermeginiň öňüni alýandygy bilen bagly bolmagy hem ahmal. Sümmeniň etegi bäbegiň kellesini agyrtmaz ýaly ýumşajyk matadan gyýa tutulýar. Onuň ýüzüne köplenç köjüme usulynda nagyş salynýar.

Horjun

Türkmeniň ak öýleriniň bezegi bolan horjun uzak ýola götermek we zerur bolan zatlaryňy saklamak üçin niýetlenen haly önümleriniň biridir. Horjun sözüne türkmen halk döredijiliginde, dessanlarda we çeper eserlerde hem köp duş gelmek bolýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň horjuny ir döwürlerden bäri giňden ulanyp gelendiklerine şaýatlyk edýär. Horjun bilen baglanyşykly setirlere türkmen halk ertekilerinde-de, «Görogly» şadessanynda-da gabat gelmek bolýar. Haly-palas önümleriniň iň gadymy nusgalarynyň biri bolan horjunlar özüniň dokalyş aýratynlygy boýunça «haly horjun», «palas horjun», «çalça horjun» ýaly dürli görnüşlere bölünýär. Horjunlar çitme hem-de kakma usulynda ululy-kiçili görnüşlerde dokalypdyr.

Çöpür suwagy

Çarwa obalarynda sütügi aýrylan geçi çöpürini suwag işinde saman ornuna ulanýandyklaryny eşitsem-de, ony saman tapylmadyk ýagdaýynda edýändirler diýip pikir edýärdim. Aslynda ol beýle däl ekeni. Bir gezek ýazyjy Ahmet Halmyradow biziň bilen gürrüňdeş bolanda heniz ýaş oglanka ejesiniň tamdyry çöpürli laý bilen suwanyna şaýat bolandygyny, munuň sebäbini soranda bolsa, çöpürli suwagyň samanly suwaga garanda, ömrüniň has uzak bolýandygyny aýdanyny ýatlady. Çarwa obalarynda ak öýleriň tutuljak ýerlerini köplenç çöpürli suwag bilen suwapdyrlar. Şonda ak öýleriň düşeginiň asty kirşen toplamandyr. Düşege tozan siňmändir. Şeýle hem hünärmenleriň aýtmagyna görä, geçi çöpüriniň adam bedenine edýän bejerijilik täsiri düýe ýüňünden pes bolmandyr.

Gazma dutar ýaňlananda

Kalby aýdym-saza teşne, şahandaz türkmen halky dürli saz gurallaryny döredip, nesillerimize baý medeni mirasy galdyrypdyrlar. Olardan türkmen dutary halkymyzyň durmuşyna irki döwürlerde ornaşyp, ýüreklerde berk orun alandyr. Bu hakykata «Görogly» şadessanyny, «Nejep oglan», «Şasenem-Garyp», «Hüýrlukga-Hemra» ýaly gadymy dessanlary okanyňda-da göz ýetirýärsiň. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň miwesi bolup, türkmen halkynyň milliligine dünýäde uly sarpa goýulýandygyny aňladýar.