Sümmen başgaby

29 Noýabr 2022
576

Milli lybaslarymyzyň arasynda çaga egin-eşikleridir başgaplary özüniň köpdürlüligi hem-de owadanlygy bilen tapawutlanýar. Bu geýimler niýetlenişine, geýlişine hem-de görnüşine görä dürli-dürli atlandyrylypdyr.

Çagalaryň başgaplarynyň birine sümmen diýilýär. Sümmen keteni, gyrmyzy donluk matalardan gurnalyp tikilýär. Sümmen tahýadan, börükden tapawutlylykda, depe bilen etekden durman, uçlary inçelip ýokarlygyna uzap, depede birikýän başgapdyr. Sümmen aşakdan ýokary çyrmaşyp gidýän daragt nagşy bilen bezelýär. Onuň etegine gülýaýdy, tegbent nagyşlary salynýar. Bu başgap çaganyň gaşyna çenli sümürilip geýdirilensoň, «sümmen» diýlip, atlandyrylýar. Ol, esasan hem, ýedi çilesinden çykan bäbejige geýdirilýär. Şoňa görä-de, oňa başgaça «çile topbusy-da» diýilýär. Sümmen beýleki çaga başgaplara garanyňda çuňňurjadyr. Bu aýratynlygyň entek süňňi bekemedik bäbejigiň maňlaýynyň tüňňermeginiň öňüni alýandygy bilen bagly bolmagy hem ahmal. Sümmeniň etegi bäbegiň kellesini agyrtmaz ýaly ýumşajyk matadan gyýa tutulýar. Onuň ýüzüne köplenç köjüme usulynda nagyş salynýar.

Mähri DAŇATAROWA,
Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.