«Gü­lüň owa­dan»

3 Dekabr 2022
740

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halkynyň beýik medeniýeti, ajaýyp sungaty bar. Taryha ser salanymyzda milletimiziň el hünäri müňýyllyklaryň dowamynda gaýtalanmajak gözellik hökmünde ykrar edilip gelinýär. Çünki türkmen inçe egrip, syk dokamagy başarýan ussat halkdyr. Muny biz ene-mamalarymyzyň galdyran mirasyndan hem bilýäris. Halkymyzyň arasynda «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, gujur-gaýratly gelin-gyzlaryň azabyndan, yhlasyndan dörän halydyr palasy, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, sypaýy matasydyr sünnälenip keşdelenen çyrpylardyr kürteler uly bir sungat derejesindäki milli gymmatlyklarymyzdyr. Şolaryň biri-de milli özboluşlylygyny, aýratynlygyny saklap, ýokary kämillik derejesine ýetirilen türkmeniň keçe sungatydyr. Žurnalymyzyň şu sanynda gadymyýetden biziň günlerimize gelip ýeten türkmeniň gülli keçesi barada söhbet etmegi makul bildik. 

Türkmeniň amaly-haşam sungaty. Ol başy asmana uzap duran daragt mysaly. Ol daragtyň islendik şahasyna diň salyp, onuň geçmişi, şu güni hakda oýlananyňda, seniň kalbyňy müň bir dürli öwüşginiň gaplap almasy ýöne ýerden däl. Çünki dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halylarydyr haly önümleriniň şöhraty ençeme asyrlap älemi baglap gelipdir. Türkmeniň ruhy dünýäsi inçelik bilen şöhlelendirilýän bu zynatda milletiň beýik taryhy, gaýtalanmajak kämilligi, egsilmez buýsanjy bar. Ussat zenanlar halydyr palas, haly önümleriniň nagyşlaryna öz mähirlerini, isleg-arzuwlaryny siňdirip, onuň göllerini şekillendirişiň ýokary derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Şonuň üçin hem halyçylyk senet däl-de, özünde gudrat jemleýän ajaýyp sungatdyr. Dünýäde meşhurlyk gazanan belli muzeýleriň we sergi zallarynyň görnükli eksponatlary bolup, öz ornuny tapan ol önümleriň öwüşgünli reňkleri tebigatdan alnypdyr. Olaryň agy Aýyň ýagtysyndan, garasy gijäniň tümlüginden, sarysy Günüň şöhlesinden, ýaşyly ýazyň ýaýlasyndan alnyp, gyzyly gülälekli meýdana çalymdaşdyr. Megerem, olaryň jadylaýjy owadanlygy hem şondadyr.

Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».